GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy nebitgaz önümlerini ýerledi
13.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 12-nji iýunda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Türkiýeli telekeçiler türkmen işewürleri bilen nah ýülügi satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Nah ýüplügi içerki bazarda hem ýerlenildi.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 63 257 400 manada we 14 199 200 ABŞ dollaryna deň bolan 14 geleşik baglaşyldy.