Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini gutlady.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Türkmenistanda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, iň täze kompýuter we multimedia tehnologiýalaryndan, öňdebaryjy iş tejribelerinden peýdalanýan döwrebap okuw mekdepleriniň giň toruny döretmäge, bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy.
«Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak, öz halkynyň taryhyny bilýän, döwletimiziň gazanýan üstünliklerine buýsanýan watansöýüji nesli kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýazdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudagara we pudaklaýyn ylmy guramalarda ylma hem-de döredijilige höwesli ýaşlaryň täze nesli kemala gelýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu bilim we ylym ulgamlarynda alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň netijesidir.
Türkmenistanyň Prezidenti ýaş alymlaryň, hünärmenleriň, talyplaryň öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekleri, netijeli ylmy işleri alyp barmaklary, oýlap tapyjylyga aýratyn üns bermekleri, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde döredilýän giň mümkinçiliklere ünsi çekdi.
«Döwletimiziň gazanýan üstünliklerinde ylmyň goşandy uludyr. Ýurdumyzyň kuwwatly ösüşi köp babatda çuňňur ylymly-bilimli ýaşlarymyza hem-de olaryň alyp barýan netijeli işlerine baglydyr» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti ýazdy we ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünliklerini we täze ylmy açyşlaryny belledi.
«Siziň gazanýan üstünlikleriňiz döwletimiziň abraýydyr, halkymyzyň buýsanjydyr. Garaşsyz döwletimiz ýaş alymlary ylmy işe hem-de döwrüň talabyna laýyk gelýän täze ylmy ugurlary özleşdirmäge giňden çekmek üçin mundan beýläk-de ähli zerur tagallalary eder» diýip, Döwlet Baştutanymyz buýsanç bilen aýtdy we ýeňijileri Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.







