Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlag bilen ýüzlendi.
«Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir üstünligi we belent sepgitleri ylmyň hem-de innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanýar» diýip, Döwlet Baştutanymyz ýazdy we beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň taryhy wakalar bilen dabaralandyrylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Ylymlar gününe bagyşlanan çäreleriň tutuş halkymyzy, aýratyn-da, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligini uly üstünliklere galkyndyryp, eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynam bildirdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ylym we tehnologiýalar her bir ýurduň geljegini hem-de ählumumy ösüşiň depginini kesgitleýän baş ölçeg bolup durýandygyny aýtdy. Şonuň üçin hem Garaşsyz Türkmenistanda ylym ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda hemmetaraplaýyn ösdürmäge we kämilleşdirmäge, ylmyň gazananlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiliklerini giňeltmäge, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny yzygiderli artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda we onuň garamagyndaky institutlarda, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça geçirilýän düýpli, amaly, nazary, gözleg ylmy barlaglara ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň sözlerine görä, olaryň netijeleri täze işläp taýýarlamalary, tehnologiýalary önümçilik kuwwatlyklaryny has-da artdyrmaga, ekologik taýdan arassa we galyndysyz ykdysady-önümçilik düzümlerini — zawod-fabrikleri döretmäge, ajaýyp şäherleri, obalary gurmaga gönükdirilendir.
Mundan başga-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtamagyna görä, Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmäge aýratyn orun bermek arkaly häzirki zaman bilimlerini hem-de ylymlary ele alan ýokary derejeli inženerleri, tehnologlary, alymlary taýýarlamak ugrunda hem giň gerimli işleri durmuşa geçirilýär. Hünär derejelerini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin alymlarymyzy daşary ýurtlaryň öňdebaryjy merkezlerine iş saparlaryna ugradylýar. Olaryň halkara ylmy-barlag maksatnamalaryna gatnaşmaklaryna ýardam edilýär.
«Ylym ýurdumyzyň beýik geljegidir. Ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň innowasiýalar we ösüşler ýoly bilen bedew batly öňe gitmegini kepillendirýär» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz Gutlagynda ýazdy. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek bilen birlikde, dünýäniň ylmy giňişliginde tutýan ornuny berkitmek hem esasy maksatdygyny belledi.
Hatynyň soňunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligini Ylymlar güni, şeýle hem bu ajaýyp baýramyň şanyna «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, dünýäniň umumy ösüşine hem-de bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen ylmy-döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri arzuw etdi.







