Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçen şenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew gözegçilik edýän pudaklarynyň 2023-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, nebit we gaz kondensatyny çykarmak, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Şu ýylyň birinji çärýeginde “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 101,9 göterim ýerine ýetirilip, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 103,6 göterim berjaý edildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 108,6 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,5 göterim, daşary ýurtlara iberilen tebigy gazyň meýilnamasy 102,8 göterim berjaý edildi.
Prezident hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçiligini artdyrmak we kuwwatynyň ulanylyşyny gowulandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady.
Şu ýylyň maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek üçin işleri alyp barmak zerurdyr diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi we Hazar deňzinde täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, daşarky maýa goýumlary çekmek bilen, iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Şeýle hem wise-premýere şu ýylyň aprel aýynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek halkara maýa goýum forumyna gowy taýýarlyk görmek hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda görkezmeler berildi.