GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Hyratda TOPH gaz geçirijisiniň 91 kilometrlik böleginde turbalary çekmäge taýýarlyk işleri tamamlandy
28.01.2026

Owganystanyň Hyrat welaýatynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň 91 kilometrlik böleginde turbalary çekmek üçin taýýarlyk işleri tamamlandy. Bu barada TOPH taslamasynyň Owganystandaky ygtyýarly wekili Bangunj Abdulla Ýof Hyrat welaýatynyň häkimi şeýh Mawlawy Islamjar hem-de Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsuly Batyr Ýolow bilen geçirilen duşuşykda aýtdy.

Hyrat welaýat häkimliginiň habar bermegine görä, taýýarlanan bölekde zerur infrastruktura işleri doly ýerine ýetirildi. Şeýle hem gaz geçirijiniň böleginde gurluşyk işleriniň yzygiderli alnyp barylmagyny üpjün etmek maksady bilen, birnäçe işçi düşelgesi guruldy.

Hyrat welaýatynyň häkimi alnyp barylýan işleriň gidişine oňyn baha berip, owgan-türkmen hyzmatdaşlygynyň sebitleýin ähmiýetli energetika taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsuly Batyr Ýolow Hyrat welaýatynda TOPH gaz geçirijisi boýunça işleriň tassyklanan meýilnama laýyklykda ýylyň ahyryna çenli tamamlanjakdygyna ynam bildirdi.