GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Bitarap Türkmenistanyň ösüşleri parahatçylygyň we abadançylygyň möhüm şerti hökmünde ara alnyp maslahatlaşyldy
10.11.2026

Aşgabat şäherindäki Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda we milli ykdysadyýetde gazanýan bedew batly ösüşleri — parahatçylygyň, abadançylygyň we gülläp ösüşiň kepili» atly maslahat geçirildi. Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyna, ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna we halkyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Halkara Bitaraplyk gününi mynasyp derejede bellemek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň çäklerinde geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýändigi bellenildi. Çykyşlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň täze ösüşlere ýol açýandygy nygtaldy.

Maslahatda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan iri taslamalaryň ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmäge we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendigi aýratyn bellenildi. Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýatyna iş saparynyň dowamynda açylyşy we gurluşygyna badalga berlişi geçirilen täze desgalaryň — Türkmenbaşy–Garabogaz–Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz serhetýaka böleginiň, 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge niýetlenen ösümlik ýag kärhanasynyň, azotly dökünleri öndürýän önümçilik toplumynyň hem-de uzynlygy 550 kilometre golaý Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygynyň ähmiýeti bellenildi.

Çykyş edenler «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriň esasynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ähli ugurlarda durnukly ösüşi üpjün edýändigini nygtadylar. Häzirki döwürde ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, ylym-bilim, medeniýet, sport we saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşjakdyklaryny we Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryny bellediler.