«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri hem-de öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary tebigy gazy çykarmak, ony gaýtadan işläp, sarp edijilere ugratmak boýunça geçen ýyl üçin bellenilen meýilnamalaýyn tabşyrygy üstünlikli berjaý etdiler. Gazanylan ýokary netijede gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käninde zähmet çekýän edermen gazçylaryň mynasyp paýy bar.
«Galkynyş» gaz känindäki tebigy gazy kükürtden arassalaýan 1-nji zawodyň tebigy kükürtli gazy ilkinji arassalaýan sehi müdirligiň öňdebaryjy zähmet toparlarynyň biridir. Sehiň gazçy hünärmenleridir işçileri «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan 2023-nji ýylyň ilkinji günlerinden zähmet gadamlaryny batlandyrýarlar. Seh çig tebigy gazy ilkinji arassalaýan 5-nji, 6-njy, 7-nji, 8-nji desgalary özüne birleşdirýär. Gaz känindäki ulanyş guýularynyň otuz birisinden çykarylýan çig tebigy gaz şol desgalara akdyrylýar. Olardaky ýokary tehnologiýaly enjamlar tebigy gazy dünýä tehnologiýasyna laýyk ilkinji arassalamaklyga niýetlenilendir. Çig tebigy gaz desgalarda oturdylan kämil tehnologiýaly seperatorlardan geçirilip, ugurdaş suwuklyklardan arassalanylýar. Soňra düzümine himiki goşundylaryň goşulmagy bilen gaz gutarnykly derejede guradylýar we tebigy gazy kükürtden arassalaýan 1-nji zawoda tarap akdyrylýar.
— Müdirligimiziň gazçylarynyň ýer astyndan tebigy gazy çykarmakdaky işlerine dünýäniň ösen innowasion tehnologiýasy, sanly ulgam pugta ornaşdyrylýar.
Bu gaz käninde 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň nebitgaz korporasiýasynyň CNPC kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan burawlanylyp, geçen ýylda tebigy gazyň senagat akymy alnan 20-nji, 30-njy, 60-njy ulanyş guýularynyň önümçiligi hem şunuň bir mysalydyr. Şol ulanyş guýularynyň agyz ýakalarynda iň kämil tehnologiýaly beýleki enjamlar bilen birlikde dünýäniň ösen döwletleriniň aragatnaşyk serişdeleri hem ornaşdyrylandyr. Olarda optiki süýümli kabellerem gurnalandyr. Munuň özi ýer astyndan çykarylýan tebigy gazy ilkinji arassalaýan desgalarymyzyň hünärmenlerine dolandyryş şitleriniň üsti bilen şol guýularyň önümçiligine — çykarylýan gazyň möçberine, ýokary basyşly gaz geçirijiler arkaly «mawy ýangyjyň» akdyrylyşyna wideogözegçiligi alyp barmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa guýulardan çykarylýan gazyň akymyny sazlamaga şert döredip, gazly guýularyň hem-de çig gazy ilkinji arassalaýan desgalaryň önümçiliginde bir bütewi, takyk sazlaşygy emele getirýär.
Häzir «Galkynyş» gaz käninde geçen ýylda diňe hytaýly hünärmenler tarapyndan burawlanylyp, önümçilige girizilen üç sany guýudan her gije-gündizde dokuz million kubmetr tebigy gaz alynýar.
Gije-gündiz gaýratly zähmet çekýän hünärmenlerimiz, işçilerimiz halkymyzyň gymmatly milli baýlygy bolan tebigy gazyň çykarylyşynyň möçberiniň artdyrylmagyna-da, «mawy ýangyjyň» senagat taýdan gaýtadan işlenip, harytlyk gaz derejesine ýetirilmegine-de mynasyp goşantlaryny goşýarlar — diýip, tebigy kükürtli gazy ilkinji arassalaýan sehiň ýolbaşçysy Süleýman Akgulyýew gürrüň berýär.
Bu öňdebaryjy sehiň çig tebigy gazy ilkinji arassalaýan desgalarynda täze, döwrebap tehnologiýaly enjamlary ussatlyk bilen dolandyrýan halypa gazçy hünärmenleriň, işçileriň ençemesi zähmet çekýär. Olardan çig gazy ilkinji arassalaýan 6-njy desganyň esasy inženeri Şageldi Gurbanow, birinji derejeli çalşyk inženeri Muhammedaly Baýkulyýew, ussa Gurban Akmämmedow, tehnologik nasoslaryň maşinisti Myrat Saparow, elektrogeneratoryň maşinisti Muhammet Amanow, uly operator Röwşen Hommakow, çig gazy ilkinji arassalaýan 5-nji, 7-nji, 8-nji desgalarynyň uly operatorlary Ýalkap Atdaýew, Maksat Geldiýew, gaz guýulary boýunça operatory Ýazjuma Geldimyradow dagy özleriniň toplan baý iş tejribeleri, hünär ussatlyklary arkaly önümçilikde zähmet göreldesini görkezip, ýaşlara-da hemişe halypalyk goldawyny berýärler.