Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
19.09.2023

Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.

Ýurdumyzyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy sazlaşykly ösüşe we netijeli häsiýete eýedir. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hereket edýär. Bu merkez türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça açyldy. Munuň özi Türkmenistanyň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna işjeň goşulyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary 20-nji sentýabra çenli dowam eder.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň işine, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirer.