Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Birža söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 337 müň dollaryndan gowrak geleşik baglaşyldy
11.09.2023

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Daşary ýurt puluna Gazagystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri ýorgan-düşek toplumlaryny, nah we jins matalary, nah ýüplügi, portlandsementi, agardylan pagta süýümini, şeýle hem dokma önümleriniň galyndylaryndan dikeldilen süýümi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 337 müň dollaryndan gowrak boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 4 million 800 müň manada deň bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.