Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirligi tarapyndan önüm öndürilişi artýar
31.08.2023

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirligi «gara altyn» we «mawy altyn» çykarmak bilen meşgullanýar.

Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň garamagyndaky guýulardan alnan «gara altynyň» möçberi 34 müň 884 tonna golaýlady. Bu görkeziji degişli hasabat döwri üçin bellenilenden 2,4 müň tonna köpdür. 

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gazanylan ösüş depgini 102 göterime barabar boldy. Gürrüňi edilýän döwürde kärhana boýunça ugurdaş gazyň 300 million kub metrden gowragy çykarylyp, meýilnama 216 göterim ýerine ýetirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, müdirlik boýunça önüm berýän guýularyň umumy sany 160-dan geçip, olaryň her biri berk gözegçilikde saklanýar. Çelekeniň gury ýer böleginde hereket edýän guýularyň taslama çuňlugy 1200-den 2750 metr aralygyndadyr. Geologlaryň ynamly tassyklamagyna görä, has çuň gatlaklarda nebit çig malynyň gory az däl.

Çeşme: «Türkmenistan» gazeti