Geçen anna güni zähmet rugsadynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, nebit we gaz kondensatyny çykarmak, polipropileni öndürmek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 101 göterim berjaý edildi. Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,5 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 105,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 108,8 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 109 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasy 114 göterim ýerine ýetirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, suwuklandyrylan gazyň we polipropileniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, nebitiň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygy nygtaldy.
Gyş möwsüminde tebigy gaza islegiň artýandygyny nazara alyp, raýatlary, iri senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalaryny hem-de daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin häzirden taýýarlyk işlerini geçirmek möhümdir diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.