Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-palestina ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň barlygy maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Uzak möhletli geljege gönükdirilen özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns berildi.
Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasynda netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we işewürleriň hem-de telekeçileriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanylýar. Nebithimiýa we dokma senagatynyň, oba hojalygy we gaýtadan işleýän pudaklaryň önümleriniň, dürli azyk harytlarynyň eksportyna, sanly tehnologiýalara geljegi uly ugurlar hökmünde garalýandygy nygtaldy.
Riýad al-Maliki türkmen halkynyň Milli Liderine Prezident Mahmud Abbasyň mähirli salamyny we Palestina sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny gowşuryp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Türkmenistan şöhratly taryha eýedigi we özüniň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty hem-de döredijilikli başlangyçlary bilen halkara abraýyny has-da belende galdyrdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Palestinanyň daşary işler ministrini gadymy myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly döwletiň Prezidentine mähirli salamyny beýan etdi.