24-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanow bilen Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine üns çekildi. Şunda ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, taraplar duşuşygyň dowamynda bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garadylar.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de iki dostlukly ýurduň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarýarlar. Üstünlikli durmuşa geçirilen hem-de amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän giň gerimli bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň güwäsidir.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda energetika ulgamynda dürli derejede ozal gazanylan ylalaşyklary we şertnamalary ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada pikir alşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabat sammitiniň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleler boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň dowamynda ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň köp ugurlar boýunça dünýä döwletlerine, ilkinji nobatda bolsa, goňşy ýurtlara ibermek işini işjeňleşdirmek barada hem aýratyn durlup geçildi.
Häzirki döwürde durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň baý tebigy serişdeleriniň we bar bolan ägirt uly ykdysady hem-de eksport kuwwatynyň dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýandygy aýratyn bellenildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar türkmen tebigy gazyny Özbegistana ibermek barada täze şertnama baglaşmak barada ylalaşdylar.
Özbegistan Respublikasynyň energetika ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary bilen hem duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň anyk ugurlaryny kesgitlediler. Taraplar bilelikdäki iri düzümleýin, şol sanda energetika geçelgelerini gurmak taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.