Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan we Malaýziýa ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk üçin bilelikdäki Hökümetara toparyny döreder
24.08.2023

23-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-malaýziýa DIM-leriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäginde gatnaşyklary has hem ösdürmek baradaky özara ymtylyş ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň, şeýle hem iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm görkeziji bolup durýandygy nygtaldy.

Gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasynda ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk üçin bilelikdäki Hökümetara toparyň döredilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Şeýle hem taraplaryň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary hem-de ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynda ynsanperwerlik ugry möhüm orny eýeleýändigi bellenildi. Bu  babatda taraplaryň syýahatçylyk, ylym-bilim we medeniýet, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin baý tejribesi we uly mümkinçiligi bardygyny nygtaldy.

Iki ýurduň döwlet we hususy gurluşlarynyň wekilleriniň arasyndaky gyzyklanmalaryň ähli ugurlarynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we giňelmegine goşant goşýan bilelikdäki çäreleri geçirmek üçin gyzyklanma bildirildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi