Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda öz işine başlajak 78-nji mejlisinde Türkmenistan ählumumy ähmiýetli başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürer.
Ozal habar berlişi ýaly, DIM ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynda öňdäki syýasy möwsümiň dowamynda ileri tutjak esasy garaýyşlaryny mälim etdi. Täze başlangyçlaryň we beýannamalaryň 16-nyň hatarynda däp bolşy ýaly, energetika aýratyn orun berildi, ol halkara ykdysady gatnaşyklara esasy ugur bolup durýar.
Türkmenistanyň täze başlangyçlary diňe öňe sürmäge däl-de, eýsem, öňe sürenden soň olaryň hereketini işjeň goldamaga ukyplydygyny hemişe görkezýändigini bellemek gerek. Türkmen döwletiniň BMG-niň Baş Assambleýasynda 1992-nji ýyldan bäri öňe sürýän pikirleri seljerilende, ýurdumyzyň dünýäniň baş münberinden öňe sürýän ugurlarynyň 30 ýyldan gowrak döwrüň dowamynda dürli dünýä we sebit ähmiýetli meseleleri gozgap, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmäge çagyrýandygyny nygtamaga doly esasyň bardygy äşgär görünýär.
Energetika serişdelerini dolandyrmak giňden ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň hatarynda durýar. Energiýa serişdelerini öndüriji, üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlaryň bähbitlerini goramaga, şeýle hem ulag we üstaşyr geçelgeleri ösdürmäge gönükdirilen halkara-hukuk gurallaryny döretmek boýunça başlangyçlary Türkmenistan aýratyn tutanýerlilik bilen öňe sürdi.
Türkmenistanyň soňky 30 ýylyň dowamynda BMG-niň BA-da öňe süren esasy energetika başlangyçlarynyň hatarynda şulary görkezip bolar:
Energiýa serişdelerini öndüriji, üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlaryň bähbitlerini, şol sanda döwletara turbageçirijiler düzgünini goramaga gönükdirilen halkara-hukuk gurallaryny döretmek (1998, 2000, 2001, 2002, 2008, 2012, 2020 ýý.);
«Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda kabul edilen 63/210 belgili Kararnama;
2009-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly halkara maslahatyň guralmagy;
Geljekde BMG-niň Energetika geňeşini döretmek (2010-njy ýyl);
«Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly 2013-nji ýylyň 17-nji maýynda kabul edilen 67/263 belgili Kararnama;
2017-nji ýylda halkara-hukuk guralyny işläp taýýarlamak üçin energetika howpsuzlygy we durnukly energetika boýunça halkara bilermenler toparynyň döredilmegi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň konferensiýasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Halkara Energetika Hartiýasynyň 28-nji mejlisiniň ähmiýetini bellemek gerek. Biziň ýurdumyz ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna nobatdaky gezek tagallalaryny gönükdirdi. Türkmenistan ýörite edarany – BMG-niň Energetika geňeşini, şeýle hem BMG-niň energohowpsuzlyk meseleleri boýunça bilermenler toparyny döretmek barada teklibini tassyklady.
2011-nji ýylda Türkmenistanda Halkara gaz kongresiniň geçirilmegi ýewropa ýurtlary bilen energetika hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge kuwwatly itergi berdi, oňa halkara guramalaryň we kompaniýalaryň – dünýäniň 30-dan gowrak ýurtlaryndan «mawy ýangyjy» öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň 160-a golaýy ýygnandylar. Olar ählumumy energetika howpsuzlygynyň möhüm meselelerini çözmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
2022-nji ýylda BMG-niň BA-nyň 77-nji mejlisinde Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly ugratmak hakynda Kararnamalarynyň düzgünlerini ýerine ýetirmek barada meseleleri gaýtadan gozgady.
Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň energiýanyň durnukly we ygtybarly geçirilmegini düzgünleşdirmek boýunça häzirkizaman halkara-hukuk gurallaryny işläp taýýarlamak üçin açyk düzümli Halkara bilermenler toparyny döretmek hakynda Türkmen döwletiniň hödürlän tekliplerini amala aşyrmagyň üstünde işlemek dowam etdirildi. 77-nji mejlisiň barşynda Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen Durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça ylalaşyklaryň doly ýerine ýetirilmegine gönükdirilen işjeň gatnaşyklary dowam etdirdi.
Şeýlelikde, geçen ýyllaryň dowamynda Türkmen döwleti degişli kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretdi, ol dünýä bileleşiginiň makullamagyna we goldawyna eýe bolup, energiýa serişdelerini öndürmek, şeýle hem olary ugratmak, sarp etmek ýaly ugurlary gurşap alýan ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda BMG-niň kabul eden ýörite kararnamalary bilen berkidildi.
Ýurdumyzyň öňde sanalan başlangyçlarynyň amala aşyrylmagy, BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda energetika boýunça iri forumlaryň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara energetika bileleşiginiň liderleriniň biri hökmünde mäkäm derejesiniň tassyklanmagy bolup durýar.
Bilermenler Türkmenistanyň BMG bilen işinde esasy ugry ýurtlaryň sebit we sebitara derejelerinde özara gatnaşyklarynyň usullaryny işläp taýýarlamaga üns bermegiň zerurlygynda görýärler.
Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde energetika babatda geljekki syýasy möwsümiň dowamynda ileri tutmakçy bolýan esasy garaýyşlaryna gaýdyp gelmek bilen, Türkmenistanyň «energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmakda çylşyrymly ýagdaýlaryň artmagy, energiýa serişdelerini ugradýanlaryň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň gatnaşyklarynda durnuksyzlygyň emele gelmegi bilen baglylykda» BMG-niň BA-nyň «Durnukly, üýtgewsiz we ygtybarly energetika ykjamlylyk we durnukly ösüşi üpjün etmekde onuň möhüm orny» atly kararnamany kabul etmek mümkinçiligine seredilmegini teklip eder.
Resminamanyň taslamasy Türkmenistanda 2025-nji ýylda «Durnukly energetika hemmeler üçin» diýen halkara maslahatyny geçirmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar, onuň maksady energiýanyň gymmat bolmadyk, ygtybarly, durnukly we häzirkizaman çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalara ýardam etmek, şeýle hem 2014 — 2024-nji ýyllar üçin BMG-niň durnukly energetika boýunça Onýyllygynyň netijelerini jemlemek bolup durýar.
DÖM babatda ýurdumyz ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we ulaglaryň ähli görnüşleriniň özara baglylygyny berkitmek hakynda kararnamalar boýunça tekliplerini öňe sürer.
Bu başlangyçlaryň ýurdumyz tarapyndan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda, şeýle hem Merkezi Aziýa + AADHG sammitinde teklip eden pikirlerine kybap gelýändigini bellemek gerek, bu çäreler, degişlilikde, 26-njy aprelde Dubaý şäherinde (BAE), 19-njy iýulda Jiddada geçirildi. Hususan-da, beýan edilen pikirler Energetika boýunça bilelikdäki işçi topary döretmek bilen bagly bolup, ol energetika pudagynda köpçülikleýin hereketleriň mümkinçiligini öwrenmek babatda ygtyýarly ediler.
Energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek durnukly ösüşiň ählumumy ýagdaýlary, ilkinji nobatda hem, häzir öňki hatara çykýan ekologiýa meseleleri bilen gös-göni baglydyr. Ekologiýa taýdan howpsuz önümçilikleri ornaşdyrmak Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek babatda Türkmenistanyň geçirýän işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.
Şunuň bilen baglylykda, milli gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryň geljegi uly bolan meýilnamalarynyň ekologiýa düzümi bilen mäkäm baglydygyny görkezmek bolar. Biziň ýurdumyz tebigy serişdelerini özleşdirende olary ulanmagyň netijeliligini, daşky gurşawy goramak hakynda aladany aýdyň görkezýär, sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygy meseleleri boýunça möhüm halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirýär. Ulanmaga berilýän senagat desgalary munuň subutnamasy bolup, olarda ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistan energiýa serişdelerini gazyp alanda ekologiýa töwekgelçiliklerini azaltmak, önümçilige netijeli gorag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, döwrebap dolandyryş çözgütlerini ulanmak maksady bilen halkara düzümleri bilen geljekde hem hyzmatdaşlygy giňeltmäge we işjeňleşdirmäge taýýardyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda şeýle işler öz miwesini berýär.
Türkmenistan dünýäniň esasy energetika döwletleriniň biri bolmak bilen, energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegini nazara alyp, maksada gönükdirilen halkara işini amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz üstünlikli iş alyp barmak üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny we ähli şertleri döredýär, energetika ulgamynda uzak möhletli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýar.
Munuň şeýledigine Aşgabatda iri halkara maslahatlarynyň we çäreleriniň geçirilmegini göz öňünde tutýan başlangyçlar hem aýdyň şaýatlyk edýär, olar energetika pudagyny durnukly ösdürmek boýunça gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary berkitmegi ugur edinýär.
Elbetde, soňky onýyllyklaryň dowamynda Türkmenistanyň energiýa serişdelerini ugradýan döwlet hökmünde dünýäniň energetika bazarynda ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, oňa gatnaşmak häsiýetini hem düýpli üýtgedenligi aýdyň hakykat. Bu gün bolsa döwletimiz ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmek pikirini ilerledýär, ol energetika meseleleriniň tutuş toplumyny yzygiderli, hünär derejesinde ara alyp maslahatlaşmak üçin özara gatnaşyklaryň syýasy ölçeginiň hem-de guramaçylyk şertlerini döretmek usulynyň işlenip taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýar.