Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlarynyň sammiti hyzmatdaşlyk üçin täze itergi berer — Şawkat Mirziýoýew
10.08.2023

4-nji awgustda Aşgabatda geçirilen Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlarynyň sammiti halkara hyzmatdaşlygyna täze itergi berer. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda beýan edýär.

«Siziň başlangyjyňyz bilen ilkinji gezek geçirilen Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitiniň döwletara hyzmatdaşlygymyzyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynanýaryn» - diýlip, Ş.Mirziýoýew hatynda belleýär.

Hatda bellenilişi ýaly, «türkmen topragynda geçirilen gepleşiklerimiziň dowamynda biz sebitiň suw serişdelerini bilelikde we rejeli ulanmak, energetika ulgamynda umumy geljegimizi kesgitlemek, üstaşyr ulag kuwwatymyzy giňeltmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmak meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşdyk».

Şeýle hem zbek Lideri «biziň bilermenlerimiziň, hünärmenlerimiziň gazanan ylalaşyklarymyzy iş ýüzünde doly durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamaga girişendiklerini aýratyn belleýär».

«Sammitiň netijeleri boýunça kabul edilen, doganlyk halklarymyzyň köpasyrlyk dostlugyny pugtalandyrmaga gönükdirilen hem-de biziň umumy meýillerimizi beýan edýän Bilelikdäki Beýannama ýurtlarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň ýolunda möhüm taryhy waka boldy» diýip belleýär.