Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda ygtybarly energetiki ykjamlyk hakynda Kararnamany kabul etmegi teklip eder
10.08.2023

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda durnukly hem ygtybarly energetika ykjamlygy hakynda Kararnama kabul etmek başlangyjy bilen çykyş eder. Bu teklip Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

«Energetika serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmeginde çökgünlik ýagdaýlarynyň, iberijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň durnuksyzlygy bilen baglylykda, Türkmenistan «Durnukly we ygtybarly energetiki ykjamlyk durnukly ösüşi üpjün etmekde onuň eýeleýän esasy orny» Kararnamanyň BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilmegini teklip edýär» diýlip Türkmenistanyň DIM-niň habarynda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, «Kararnamanyň taslamasy gymmat bolmadyk ygtybarly, durnukly we energiýanyň döwrebap çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek boýunça, şeýle hem 2014-2024-nji ýyllarda BMG-niň durnukly energetikanyň 10 ýyllygynyň jemlerini jemlemek üçin Türkmenistanda 2025-nji ýylda «Hemmeler üçin durnukly energetika» Halkara forumyny geçirmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

«Türkmenistan energetika netijeliligine we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine aýratyn ähmiýet berýär. Energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri ösdürmek babatda gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar» diýip DIM belleýär.