Türkmenistan ýakyn wagtda gazyň çykarylyşyny 60 milliard kub metr artdyrmagy meýilleşdirýär. Muny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 4-nji awgustda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitiniň netijeleri barada eden çykyşynda aýtdy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.
Raşid Meredowyň bellemegine görä, Türkmenistanda ägirt uly tebigy gaz gorlary bar we gaz eksportynyň diwersifikasiýasy, şol bir wagtyň özünde öndürijiniň, üstaşyr geçýän ýurduň we energiýa sarp edijiniň bähbitleriniň deňagramlylygyny saklamak halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde Aşgabat üçin esasy ýörelgeler bolup durýar.
«Şu nukdaýnazardan türkmen tarapy şu gün Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan arasynda gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň geljegine garamagy teklip etdi» diýip, R.Meredow belledi.
Daşary işler ministriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça «Galkynyş» tebigy gaz ýatagynyň üçünji we dördünji tapgyrlaryny özleşdirmek babatda uly göwrümli işler alnyp barylýar.
«Şunuň bilen baglylykda, ýakyn ýyllarda Türkmenistanda tebigy gazyň önümçiliginiň mukdaryny azyndan 60 milliard kub metr artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu bize artýan tebigy gaza bolan içerki islegi doly kanagatlandyrmaga we türkmen tebigy gazynyň daşary ýurtlara iberilýän mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik döreder. Şol bir wagtyň özünde, iň ýakyn goňşular bolan Özbegistana we Täjigistana türkmen gazyny ibermek ileri tutulýan wezipämiz bolar» diýip, wise-premýer aýtdy.