Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Liderleriniň Aşgabat sammitiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi
05.08.2023

Aşgabat şäherindäki «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammit Bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilmegi bilen tamamlandy. Bu barada TDH habar berýär.

Bu resminamada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň  arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri öz beýanyny tapdy.

Sammitiň jemleri boýunça döwlet Baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky garaýyşlaryny beýan etdiler. Şeýle-de Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan halkara guramalarynyň çäklerinde, aýratyn-da Birleşen Milletler Guramasynda hem-de halkara we sebit meýdançalarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny aýratyn bellediler.

Munuň özi şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşykdyr. Şoňa görä-de, ony taryhy waka diýip atlandyrmak bolar. Aşgabat sammiti däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, döwletara gatnaşyklaryň senenamasyna täze sahypany ýazyp, gatnaşyjy üç ýurduň we tutuş sebitiň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýady döretmelidir.

Ýurdumyzyň daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň geçirilen sammitiniň jemleri boýunça metbugat maslahaty geçirildi.

Metbugat maslahatyň dowamynda üç döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemi barada ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Şeýle hem ministrler žurnalistleri sammitde gol çekilen jemleýji resminama bilen tanyşdyrdylar.

Şeýle hem geçirilen ýokary derejedäki sammit gatnaşyjy üç ýurduň we tutuş sebitiň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýady döretjekdigi bellenildi.