Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi energetika ulgamynda Aşgabadyň ÝB bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýarlygyny tassyklady
01.08.2023

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşygynda Aşgabadyň ähli ugurlar boýunça, şol sanda, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary netijeli ilerletmäge taýýarlygyny bildirdiler.

Duşuşygyň barşynda Sapar Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýene ynanç hatlaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň DIM-niň öň habar berşi ýaly, energiýa ibermelerini diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyna ygrarly bolmak bilen, Aşgabat Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýar. Şunuň bilen baglylykda, bu gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin hiç hili syýasy, ykdysady, maliýe päsgelçilikleriň ýokdugy bellenildi.