«Türkmennebit» döwlet konserniniň iň baýry ýataklarynda iş alyp barýan «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň arka atylan birinji ýarymynda nebit berýän guýulardan çykarylan «gara altynyň» umumy möçberi 534 müň tonna barabar boldy. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwrüniň önümçilik görkezijisi bilen deňeşdirilende, gymmatly uglewodorod çig malynyň jemi 10 müň 125 tonnasynyň artyk alnandygyna şaýatlyk edýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Goturdepeli «gara altyn» ussatlarynyň geçen hasabat döwründe tutuş konsern boýunça alnan nebitiň üçden birine barabaryny taýýarlamagy başarandyklaryny aýratyn nygtamak gerek.
Müdirlik boýunça geçen alty aýda 216 million kub metre barabar ugurdaş gazlary çykarmak baradaky meýilnama 107 göterime golaý berjaý edildi