«PETRONAS» kompaniýasy «Türkmennebit» döwlet konserniniň hünärmenleri we öz hünärmenleri üçin ýöriteleşdirilen okuw sapaklaryny geçirmek maksady bilen, ilkinji gezek kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenlerini Türkmenistana iberdi.
Okuwyň esasy mowzugy maglumat ulgamlaryny kiberhowplardan goramak boldy. Okuw sapaklary Gyýanlydaky zawodynyň we Aşgabat şäheriniň binýadynda geçirildi. Okuwlaryň dowamynda «Petronas» kompaniýasynyň wekilleri türkmen kärdeşlerine kiberhowplaryň öňüni almak we olara garşy durmak boýunça toplanan tejribelerini we öňdebaryjy usullaryny ýetirdiler. Bu bolsa energetika pudagynyň strategiki ähmiýetli desgalary üçin örän wajypdyr.
Taraplar kiberhowpsuzlyk ugry boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we pugtalandyrmak boýunça pikir alyşdylar.. Bu bilim we tejribe alyşmalar nebitgaz pudagynda ulanylýan sanly ulgamlaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmakda we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ädim bolup durýar.