Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Koreýa Respublikasynda iş saparynda bolýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Doksun bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen Koreýanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň ösüş depgininiň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem ägirt uly mümkinçilikleri bolan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Onuň dowamynda özara haryt dolanyşygyny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dostlukly döwletiň kompaniýalary milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň ösüşine we döwrebaplaşdyrylmagyna işjeň gatnaşmagynyň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Bu bolsa, iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm görkezijisidir diýip, DIM belleýär.
Türkmen tarapy ýurdumyzyň Koreýa Respublikasy bilen milli ykdysadyýetleriň möhüm ugurlary bolan ýangyç-energetika, himiýa senagaty, dokma, ulag-kommunikasiýa we oba hojalygy ýaly pudaklar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky syýasy, parlamentara, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerine seredip geçdiler.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek üçin “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň uly mümkinçiligini peýdalanmagyň zerurdygyny bellediler.
Seul şäherinde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Koreýanyň iri kompaniýalarynyň we işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda hem duşuşyk geçirildi.