Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň uçurymlaryna diplom gowşurylyş dabarasy geçirildi
15.07.2023

Hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 23-nji iýunynda «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tölegli esasda tamamlan talyplara iki ýyllyk hökmany zähmet tejribesi bolmazdan, diplom bermek babatda gol çeken degişli Kararynyň esasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde uçurymlara diplom gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Geçirilen dabaraly çärede bu okuw mekdebiniň direktory Şamyrat Hydyrow çykyş edip, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýaş hünärmenleri boljak bu uçurymlaryň, hakykatdan-da, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlardygyny, muňa şu günki diplom gowşurylyş dabarasynyň hem şaýatlyk edýändigini belläp geçdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda esaslandyran Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlar syýasatyna döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berlip, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebini üstünlikli tamamlan uçurymlar hem bu täze kanunyň türkmen ýaşlary üçin döredýän mümkinçiliklerine we oňyn şertlerine laýyklykda, durmuşda mynasyp orunlaryny tapyp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň ösüşine mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tölegli esasda tamamlan talyplara iki ýyllyk hökmany zähmet tejribesi bolmazdan, diplomlarynyň berilmegi hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny halkara ülňülerine laýyklykda, döwrebap derejede ösdürmek babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.