Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy gözleg işini kämilleşdirýär
14.07.2023

Täze nebitli we gazly ýataklary artdyrmagyň we olary özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň öňünde durýan möhüm wezipedir. Şunuň bilen baglylykda, gözleg işinde täze tehnologiýalary we ylmy barlaglary ornaşdyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy geologiýa-geofizika we buraw işleriniň köpsanlysyny geçirýär. Onuň alyp barýan işleri netijesinde Türkmenistanyň ýerastynda nebite we gaza baý bolan ýataklaryň ençemesi ýüze çykaryldy, ägirt uly gorlaryň we serişdeleriň bardygy subut edildi.

Şonuň bilen birlikde, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň gazly we nebitli ýerlerini mundan beýläk-de öwrenmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Uglewodorod serişdelerine baý meýdanlarda netijeli seýsmiki gözleg işlerini geçirmek, täze nebitgazly ýataklary ýüze çykarmak we özleşdirmek, ýerasty suwlarynyň we jebis magdanlaryň gorlaryny artdyrmak, şeýle hem şu ugurda bar bolan beýleki meseleler boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri işläp taýýarlamak Korporasiýanyň işiniň esasy ugurlary bolup durýar.

Korporasiýanyň öhümçilik kärhanalary, onuň maglumat we barlaghana merkezleri döwrebap tehnikalar bilen üpjün edildi. Geofizika gullugy döwrebap seýsmiki we geologiýa gözleg abzallary enjamlaşdyrylan, işläp taýýarlaýan we interpretasion toplumlary bilen üpjün edilen meýdan ekspedisiýalaryna we maglumatlary işleýän merkeze eýedir, bu bolsa, dürli ylmy-barlag we taslama işlerini ýokary derejede ýerine ýetirmäge mümkiçilik berýär.

Gündogar Türkmenistanda (Galkynyş, Ýaşlar ýataklary we beýlekiler) we Günorta-Günbatar Türkmenistanda (Akpatlawuk, Körpeje ýataklary we beýlekiler) 3D usuly bilen geçirilen seýsmiki gözleg işleri Korporasiýanyň işiniň netijesi boldy. Şol ýerlerde geçirilen barlag işleri nebitiň we gazyň uly gorlaryna eýe bolan, aşa çuňlukda ýerleşen, geljegi uly gatlaklary öwrenmäge we taýýarlamaga, şeýle hem ozal mälim bolmadyk düzümleri ýüze çykarmaga gönükdirilen gözleg-barlag işleriniň usullar ulgamyny işläp taýýarlamaga mümkinçilik berdi.

 Ýeri gelende ýatlasak, häzir tejribe-senagat ulanyş tapgyrynda bolan “Galkynyş” gaz käni gazyň uly gorlaryna eýe bolup, golaýyndaky Ýaşlar we Garaköl ýataklary bilen bilelikdäki gorlary 27,4 trillion kubmetri möçberinde baha berilýär.  

Geologiýagözleg babatda geçirilýän ylmy-barlag we taslama işleri öňde goýlan maksatlary amala aşyrmaga ýardam edýär. Korporasiýa 3D meýdan seýsmiki partiýalarynyň sanyny artdyrmagy göz öňünde tutýar, olarda geofiziki barlaglarynyň hili we maglumatlylygy täze geofizika tehnikalaryny, şeýle hem geologiýa-geofizika maglumatlaryny işläp taýýarlaýan döwrebap programma üpjünçiligini ulanmagyň hasabyna gazanylar.

Uzak ýyllar üçin tebigy gazyň subut edilen gorlary bilen ygtybarly üpjünligi bilen baglylykda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy soňky döwürde geologiýagözleg işleriniň esasy möçberini nebitli ýataklary gözläp tapmaga, aýratyn-da ýurduň günorta-günbatar bölegindäki miosen gatlagynda we merkezi bölegindäki ýura-hek gatlaklarynda nebitli ýataklary gözlemäge gönükdirýär.

Türkmenistanda ähli gury ýerler diýen ýaly nebite we gaza baý ýerler hökmünde garalýar. Ýerastynyň mümkinçilikleri 7 kilometr çuňluga çenli kesgitlendi. Olar neogen, hek we ýura çökündileri bilen baglydyr. Ýura çenli döwrüň çökündileriniň nebitgazlylygynyň mümkinçiliklerini öwrenmeli, olardan ozal Türkmenistanyň demirgazygyndaky Tärimgaýa meýdanynda karbon çökündilerinden kükürtsiz tebigy gazyň senagat akymlary alyndy. Has çuň gatlaklarda ýerleşen pliosen-miosen toplumlarynyň geljegi uly bolan gatlaklarynda has işjeň gözleg işlerine girişildi, geljekde mezozoý gatlaklary – ýurduň günorta-günbatarynda, hek we ýura çökündilerinde – merkezi, gündogar we günorta-gündogar böleklerinde meýilleşdirilýär. Korporasiýa uglewodorodlaryň gözlegini diňe Türkmenistanyň gury ýerlerinde däl-de, eýsem Hazaryň ýalpaklygynda hem amala aşyrýar. Bu bolsa, öz nobatynda, geljegi uly lisenzion bloklary özleşdirmekde daşary ýurt maýalarynyň özüne çekijiligini artdyrýar.

Uly çuňluklarda çylşyrymly dag-geologiýa şertlerinde köplenç gözleg guýularyny burawlamaly bolýar. Çuň ýerleşen gatlaklary açmak we özleşdirmek boýunça meseleleri çözmek ylmyň we tehnikanyň häzirki gazananlaryny ornaşdyrmazdan mümki däldir, galyberse-de, täze ýataklar köplenç gurluşy çylşyrymly ýataklara gabat gelýär. Şonuň üçin “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynda çuň guýulary burawlamagyň tehnikasy we tehnologiýasy babatda täze işler tapgyrma-tapgyr amala aşyrylýar.

Mysal üçin, işde ýokary priwodyň döwrebap agregatlaryny peýdalanmak bilen bilelikde täze tehnologiýalaryň ulanylmagy guýulary gurmagyň möhletlerini azaltmaga we olaryň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge mümkiçilik berdi. Bu wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan zerur bolan enjamlary getirmek hem-de ýerli hünärmenlere täze tehnikalar we döwrebap tehnologiýalar boýunça bilim bermek babatda şertnamalary baglaşmak boýunça işler alnyp barylýar.

Şeýle hem “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy daşary ýurtly kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Häzir Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirilýär, munuň sebäbi bolsa, uglewodorodlaryň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzyň ägirt uly energetika kuwwaty, global energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türkmen tarapynyň netijeli başlangyçlary bolup durýar.

Hünärmenler tarapyndan kesgitlenen meýilnamalaryň we çäreleriň amala aşyrylmagy geologlara geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini artdyrmaga, Türkmenistanyň mineral-çig mal binýadyny berkitmäge mümkiçilik berer.