Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Aşgabatda durky täzelenen döwrebap beket işe girizildi
25.05.2024

Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň Köpetdag etrabynyň Ankara köçesiniň ugrunda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Aşgabatdaky awtomobillere ýangyç guýuş beketler müdirliginiň garamagyndaky durky täzelenen döwrebap 142 belgili awtomobillere ýangyç guýuş bekedi dabaraly ýagdaýda işe girizildi. «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň garamagyndaky Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň ezber gurluşykçylary ýokary hil derejesinde düýpli gurluşyk işlerini geçirip, durky täzelenen we häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda doly enjamlaşdyrylan bekedi gysga wagtda ulanyşa tabşyrdylar.

Bekediň umumy tutýan meýdany 1 gektara deň bolup, jemi 10 sany iň kämil tehnologiýaly ýangyç guýujy enjamlary oturdylan hem-de onda 300 m3 möçberde ýagty nebit önümleriniň dürli görnüşlerini saklamak üçin her biri 60 m3 bolan jemi 5 sany çelekler gurnalan. Beket taslama kuwwatlylygy boýunça her gije-gündiziň dowamynda 1 müň 500 sany awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenendir. Onuň ilata ýokary hilli awtomobil benziniň A-95 görnüşini bökdençsiz hödürlemäge hem-de müşderiler bilen guýlan ýangyç üçin hasaplaşyklary nagt we nagt däl görnüşde, ýagny elektron bank kartlary arkaly geçirmäge mümkinçiligi bar.

Şeýle hem ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek üçin häzirki zaman ýörite ýangyn duýduryjylar, ýangyn söndürijiler we gidrantlary, suw howuzlary, nasoslary hem-de beýleki zerur enjamlar bilen doly enjamlaşdyrylan. Bu beketde işgärleriň zähmet çekmegi we dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Durky düýpli täzelenen döwrebap 142 belgili awtomobillere ýangyç guýuş bekedinde döwrebap sanly wideogözegçilik enjamlary hem-de «Merkezi elektron hasabatlaryň ulgamy» işe goýberildi. Täze döredilen elektron kompýuter ulgamy merkezleşdirilen maglumatlar binýady bolup, 142 belgili awtomobillere ýangyç guýuş bekedinde hasabatlar we seljerişler boýunça alnyp barylýan gündelik işler üçin ulanyljak merkezleşdirilen tehnologik ulgama öwrüldi.

Şeýlelikde, bu beketde hasabatlaryň elektron görnüşde iş bukjalary, hasabatlary jemlemek işi başyndan soňuna çenli awtomatlaşdyrylan we logiki barlag ädimleri, iş bilen baglanyşykly hasabatlaryň döredilmegi, ýagny gündelik, aýlyk, çärýeklik, ýarym ýyllyk, dokuz aýlyk, ýyllyk hasabatlar hem-de awtomobillere ýangyç guýuş bekedine gelip gowşan ýangyjyň hasabatlary, maglumatlary goramak boýunça talaplaryň bolmagy we ulgamlarda ýerleşdirilmegi ýaly merkezleşdirilen ulgam döredildi. Bu ulgamyň kömegi bilen adam faktory we köp wagtyň hem-de maddy serişdeleriň sarp edilmegi ýaly meseleler kämilleşdirilen täze usullar arkaly doly aradan aýryldy.