Britaniýanyň BP energetika kompaniýasy 2026-njy ýylyň üçünji çärýegindäki işiniň deslapky görkezijilerini mälim etdi.
Reuters agentliginiň we kompaniýanyň resmi söwda beýannamasynyň maglumatlaryna görä, BP-niň nebiti gaýtadan işlemegiň hasaplama girdejililik görkezijisi üçünji çärýekde bir barrel üçin 46,7 ABŞ dollaryna ýetdi. Bu görkeziji ikinji çärýekde 29,6 ABŞ dollaryna deň bolupdy.
Kompaniýa üçünji çärýegiň ahyrynda arassa bergisiniň 13,5–14,5 milliard ABŞ dollary aralygynda bolmagyna garaşýandygyny hem habar berdi.
BP-niň üçünji çärýek boýunça doly maliýe netijeleriniň 2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda çap edilmegine garaşylýar.







