GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Ýewropanyň gaz ulgamy gyş möwsüminde üpjünçiligi saklamaga taýýar diýlip bahalandyryldy
08.10.2026

Ýewropa Komissiýasy 2026–2027-nji ýyllaryň gyş möwsüminde tebigy gaz üpjünçiliginiň ýagdaýy boýunça täze maglumatlary mälim etdi.

Ýewropanyň gaz geçiriji ulgamlarynyň operatorlarynyň birleşiginiň (ENTSOG) taýýarlan seljermesine görä, gaz saklaýjy desgalardaky ätiýaçlyklar öňki ýyllaryň derejesinden pes bolsa-da, bar bolan infrastruktura gyş möwsümindäki islegi üpjün etmek üçin ýeterlik çeýelige eýedir.

Hasabatda suwuklandyrylan tebigy gazyň (LNG) import kuwwatlyklarynyň giňeldilmeginiň we üpjünçilik ugurlarynyň köpeldilmeginiň gaz ulgamynyň durnuklylygyna oňyn täsir edýändigi bellenilýär.

Şeýle-de gyş möwsüminiň dowamynda gaz ätiýaçlyklarynyň ýeterlik derejesini saklamagyň we howa şertlerine baglylykda üpjünçilik meýilnamalaryny sazlamagyň möhümdigi nygtalýar.

Seljerme halkara gaz bazarynda LNG infrastrukturasynyň, ýerasty gaz saklaýjy desgalaryň we üpjünçiligiň köpugurly ulgamynyň ähmiýetiniň artýandygyny görkezýär.

Çeşme: https://energy.ec.europa.eu/news/eu-gas-system-prepared-winter-despite-lower-storage-levels-2026-10-08_en