GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Westwood Global Energy Group kompaniýasynyň täze seljermesine görä, Ýakyn Gündogarda ýerüsti buraw desgalaryna bolan isleg 2035-nji ýyla çenli 2025-nji ýyldaky derejesinden 60 göterim artmagy mümkin.
09.11.2026

Seljerme dünýä boýunça 2026–2030-njy ýyllarda ýylda ortaça 4 250 sany buraw desgasynyň ulanylmagyna garaşylýandygyny görkezýär. 2031–2035-nji ýyllarda bu görkeziji takmynan 4 550 birlige çenli ýokarlanyp biler.

Has çylşyrymly we çuň gatlaklarda işlemek üçin ýokary kuwwatly, döwrebap we awtomatlaşdyrylan buraw desgalaryna islegiň artmagyna garaşylýar. Bu ýagdaý nebit-gaz hyzmat kompaniýalary üçin täze tehnologiýalara maýa goýmagyň ähmiýetini ýokarlandyrýar.

Çeşme: Westwood Global Energy Group, 3-nji noýabr 2026