GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Nigeriýanyň milli nebit kompaniýasy NNPC Nigeriýa bilen Marokkony birleşdirjek iri gaz geçirijisi taslamasy üçin halkara maýadarlary çekmek boýunça işleri dowam etdirýär.
09.11.2026

Taslamanyň bahasy 25–26 milliard ABŞ dollaryna, meýilleşdirilýän uzynlygy bolsa takmynan 6 800 kilometre deňdir. Gaz geçirijisi Nigeriýadan Marokko çenli Atlantik kenaryndaky birnäçe döwletleriň üsti bilen geçer we geljekde Ýewropa bazarlaryna gaz ibermek mümkinçiligini döreder. Taslamanyň meýilleşdirilýän kuwwaty ýylda 30 milliard kub metrdir. Onuň esasy maksady Günbatar Afrikanyň gaz serişdelerini sebitiň bazarlary bilen birleşdirmek, elektrik önümçiligini we senagat ösüşini goldamakdyr.

Çeşme: ZAWYA, 8-nji noýabr 2026