Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Adamguduk meýdançasynyň miosen gatlaklarynyň nebitgazlylygynyň gelejegini bahalandyrmak
27.06.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 ― 2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasyna we Türkmenistanyň nebit we gaz senagatyny ösdürmekligiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklylda, gözleg-agtaryş işleriniň geologiki meseleleriniň we täze nebitgaz ýataklaryny tapmak üçin, olaryň esasy ugurlaryny saýlap almaklyk wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Gözleg işlerini alyp baryp, täze nebitgaz ýataklaryny gözläp tapmak üçin gelejegi uly bolan meýdançalar Gögerendag-Ekerem göterilmeler zolagynda ýerleşendir, olaryň biri hem Adamguduk meýdançasydyr.

Adamguduk meýdançasy Gögerendag ― Ekerem göterilmeler zolagynyň günortasynda ýerleşip administratiw taýdan Balkan welaýatynyň Esenguly etrabyna degişlidir. Adamguduk göterilmesi ilkinji gezek pliosen çökündisi boýunça 1973-nji ýylda geçirilen seýsmiki barlag işleriniň netijesinde ýüze çykaryldy. Soňraky geçirilen jikme-jik seýsmiki barlag we grawimetriki işleriň netijeleri bilen geçirilen işleriň maglumatlary seljerilip gurluş çuň burawlama taýýarlanyldy.

Ýokarda bellenişi ýaly, meýdança tektoniki taýdan Gögerendag ― Ekerem göterilmeler zolagyna degişlidir. Bu zolakda gurluşlar belli bir kanuna laýyklykda ýerleşendir, ýagny epinleriň ok çyzyklary esasan bir-birine parallel bolup demirgazyk-gündogardan günorta-günbatara uzalyp günorta tarap aýlanýar. Şeýlelikde antiklinal göterilmeler belli bir gurluş ugurlarynda ýerleşip günortada submeridional ugurda uzalyp gidýär. Adamguduk meýdançasy Akpatlawuk käniniň günortasynda ýerleşip, Ekerem ― Keýmir ― Akpatlawuk çyzygynyň günorta tarap dowamy bolup durýar. Adamguduk meýdançasy läbik wulkanlaryň täsir etmegi we tektoniki hereketleriň netijesinde miosen we pliosen döwründe iki gümmezli çylşyrymly görnüşi alandyr. Demirgazyk gümmezi uly bolup miosen çökündilerinde ölçegi 5,4x1,3 km, amplitudasy 40 m ybaratdyr, günorta gümmeziniň ölçegi 1,8x0,6 km, amplitudasy 20 m deňdir.

Adamguduk meýdançasynyň litologik-stratigrafiki kesimi, şol ýerde geçirilen jikme-jik seýsmiki barlag işleriň we onuň ýanaşyk Akpatlawuk, Çekişler, Keýmir meýdançalarynda burawlanan çuňňur guýularyň hem-de meýdançanyň özünde gazylan gurluş guýularyň maglumatlary öwrenilip, çetwertik çökündilerinden, apşeron, akçagyl mertebelerinden, gyzylreňkli gatlaklykdan we miosen çökündilerinden ybaratdyr.

Sebitiň nebitgazlylygy läbik wulkanlaryň ýaýramagy bilen baglydyr. Meýdançanyň töwereginde läbik wulkanlar giňden ýaýrandyr (Akpatlawuk, Gaýnagdag, Çekiçler, Kaliskiý we başgalar), bu bolsa nebitgazlylygyň ilkinji alamatlarydyr. Ondan başga-da, meýdançanyň Akpatlawuk we Çekiçler känleriň arasynda ýerleşmegi, onuň nebitgaz ýataklaryny açmaklygyň mümkinçiligini ýokarlandyrýar. Adamguduk meýdançasynyň nebitgazlylygy miosen we pliosen çökündileri bilen baglydyr. Sebitde miosen çökündileriniň senagat taýdan nebitgazlylygy ilkinji gezek Körpeje käninde ýüze çykaryldy, soňra Nebitlije we Akpatlawuk känlerinde miosen çökündileriniň nebitgazlylygy tassyklandy. Pliosen çökündileriniň nebitgazlylygy sebitde, esasanam gyzylreňkli gatlaklyk bilen baglydyr.

Adamguduk meýdançasynda miosen çökündilerinde we gyzylreňkli gatlaklykda nebitgaz ýataklaryny gözlemek we onuň geologiki gurluşyny öwrenmek maksady bilen her gümmezde taslama çuňlugy 4900-5000 m bolan gözleg guýularyny gazmaklyk wajyp bolup durýar. Eger-de bu guýulardan, oňyn netijeler alnan ýagdaýynda, barlag işleriniň gerimi artar we Günbatar Adamguduk meýdançasyna gözleg burawlaýyş işlerini ýaýbaňlandyrmaga mümkinçilik berer.

Nogaý Myratjanow,

“Türkmennebit” DK-nyň “Nebitgazylmytaslama” institutynyň direktoryň orunbasary

Hajydurdy Gaýypow,

“Türkmennebit” DK-nyň “Nebitgazylmytaslama” institutynyň uly ylmy işgäri