Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Ýaş alymyň üstünlikleri
21.05.2024

«Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň «Ne­bit­ga­zyl­my­tas­la­ma» ins­titutynyň Guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek laboratoriýasynyň mü­di­ri Emir Al­la­nu­row «Gün­ba­tar Türk­me­nis­ta­nyň kän­le­ri­niň ne­bit guýularynyň öndürijiligini artdyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek» atly ýazan ylmy dissertasiýa işini gorap, tehniki ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine eýe boldy. Bu dissertasiýa işine Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, tehniki ylymlaryň doktory, Türkmenistanyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň ha­bar­çy ag­za­sy Rah­man­gu­ly Ese­du­la­ýew yl­my ýolbaşçylyk etdi.

Nebit guýularynyň öndürijiligini artdyrmak, olaryň durnukly iş düzgünini saklamak hem-de özleşdirmegiň ahyrky döwründe ulanylýan känlerde guýularyň abatlaýyş işlerini geçirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary önümçilige hödürlemek ylmy işiň esasy maksady bolup durýar.

Dissertasiýada guýularda emele gelýän asfalten-smola-parafin çökündilerine garşy ulanylýan serişdeleriň we usullaryň dünýä tejribesini ylmy taýdan seljerilmeginde, netijeliligi boýunça ulanylýan daşary ýurt usullary bilen bäsleşip biljek, ýerli çig mallaryň binýadynda özleşdirilýän usullary işläp taýýarlamagyň täze ylmy-tehnologiki taglymaty öňe sürülýär. Bu maksat üçin polimer önümçiliginde emele gelýän pirobenziniň düzümi, häsiýetleri ylmy taýdan öwrenilip, onuň düzüminiň nebitli guýularda emele gelýän asfalten-smola-parafin çökündilerini ýokary eredijilik täsirine eýedigi ýüze çykarylýar. Işlenip taýýarlanan bu asfalten-smola we parafin çökündilerinden arassalamagyň usulyna 923 belgili oýlap tapyşyň çäklendirilen patenti alynýar we önümçilikde geçirilen synag işleri esasynda ol usulyň ýokary netijeliligi subut edilýär.

Ýaş alymyň ylmy gözleglerinde nebitgazly guýulara gelýän gatlak suwuny çäklendirmekde öňden ulanylýan suwuk aýna we ammiak selitrasyndan уbarat bolan düzüme poliakrilamidiň degişli suwly ergini goşulanda suwy çäklendirmegiň netijeliliginiň ýokarlanýandygy ýüze çykarylyp, netijede, gatlak suwlaryny çäklendirmek üçin täze gel emele getiriji düzüm işlenip taýýarlanylýar. Önümçilikde synagdan geçirilip, netijeliligi kesgitlenilmegi bilen, guýularda gatlak suwlaryny çetleşdirmek üçin gel emele getiriji düzüme 611 belgili oýlap tapyşyň çäklendirilen patenti alynýar.

Tutanýerli hünärmeniň irginsiz gözlegleri esasynda alyp barýan ylmy-barlag işlerinde nebitden alynýan naften kislotalarynyň deregine gossipol smolasyny ulanyp, gatlak suwlarynda has agyr, eremeýän çökündileriň emele gelmek şertleri ýüze çykarylýar. Netijede, gossipol smolasynyň gatlak suwlaryndaky kalsiý, magniý duzlary bilen bilelikde alýumin duzlarynyň çökdürilmeginiň gatlak suwlaryny çäklendirmekde has ýokary netije berýänligini nazara alyp, gossipol smolasyny we alýumin sulfatyny peýdalanyp, gatlak suwlaryny çäklendirmegiň täze usulyny işläp taýýarlaýar we önümçilige ornaşdyrýar. Işlenip taýýarlanan bu nebit we gaz guýularynda gatlak suwlaryny izolirlemek usulyna 883 belgili oýlap tapyşyň çäklendirilen patenti alynýar.

Öz işinden ylham alýan ylmy hünärmen ýerli çig mallardan, kwars çägesini karbamid-formaldegid smolasy bilen kapsulirlemek arkaly, gatlakdan guýa çägäniň gelmegine garşy durnukly we geçirijiligi oňat bolan çägeli-polimer daşyny emele getirmäge ukyply kämilleşdirilen usuly işläp taýýarlaýar.

Şeýle hem ylmy gözleglerde, guýynyň içindäki gaýry (gaçan) zatlary ýüze çykarmak we ulanyş sütüniniň ýagdaýyny kesgitlemek maksady bilen şekil almak üçin ýurdumyzda bar bolan serişdelerden peýdalanyp, «möhür» hökmünde ulanylýan täze düzüm işlenip taýýarlanylýar we oňa guýuda şekil almak üçin kompozisiýa atly 724 belgili oýlap tapyşyň çäklendirilen patenti alynýar.

Ylmy barlaglarda işlenip taýýarlanan gel we çökündi emele getiriji düzümleriň ulanylmagynda Goturdepe käninde geçirilen netijeli synag işleri esasynda, nebitli guýularda gatlak suwunyň akymyny çäklendirmek, Keýmir, Ekerem, Altyguýy, Barsagelmez ýaly känlerde nebitli guýularda geçirilen synaglarda pirobenzini peýdalanmak arkaly işlenip alnan, guýulardan nebit çykarylýan turbalaryň içki diwarlarynda we düýpýaka zolagynda emele gelýän asfalten-smola-parafin çökündilerinden arassalamak ýaly täze usullar önümçilige ornaşdyrylýar.

Täzeçil usullaryň ulanyş tehnologiýasynyň ýönekeýligi, ýerli çig mallaryň ulanylmagynda ýokary netije berýänligi sebäpli, häzirki wagtda nebitli guýularyň önümliligini ýokarlandyrmagyň çäklerinde geçirilýän işlerde giňden ulanylýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda 20 ýyldan gowrak zähmet ýoluny geçip, 42 ýaşy arka atan alymy kärdeşleriniň adyndan gutlap, geljekde-de ylym äleminde şowly ädimleri, uly üstünlikleri arzuw edýäris.