Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Institutyň ylmy-barlag işleri önümçilikde
01.05.2024

Häzirki wagtda «Nebitgazylmytaslama» institutynyň agzybir hünärmenleri tarapyndan gazlift we ştangaly çuňlukdan sorujy usullar bilen işleýän hereketdäki guýularyň nebit çykarylyşyny artdyrmaga ýa-da durnukly işlemeklerine ýardam berýän birnäçe teklipler hödürlenilýär we guýularda öz beýanyny tapýar. Ylmy-barlag işlerinde ştangaly çuňlukdan sorujy guýularda sorujynyň işleýşi, oňa täsir edýän faktorlar öwrenilip anyklanylýan bolsa, ýörgünli gazlift usuly bilen işleýän guýularda hem berilýän gazy sazlamak we tygşytlamak arkaly alynýan maglumatlar seljerilip, täzeden işlenip, önümçilige teklipler hödürlenilýär.

Institutyň hünärmenleriniň wezipesi önümçiligiň jümmüşinde bolup, gazlift we ştangaly çuňlukdan sorujy usul bilen işleýän guýulardan nebit çykarylyşynyň ýokarlanmagyna ýardam berýän dürli görnüşli barlaglary geçirip, guýularyň kadaly işlemeklerini gazanmakdyr we olary köp önüm berýän guýularyň hataryna goşmakdyr. Şu mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başlarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň we «Nebitgazylmytaslama» institutynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda gazlift guýularyna sarp edilýän gazyň udel kadasyny kesgitlemek boýunça ady agzalan institutda giňişleýin maslahat geçirildi. Şonda gazlift guýularynyň iş düzgünini kadalaşdyrmak we guýulara berilýän gazyň udel sarp edilişini azaltmak we beýleki meselelere garaldy. Gazyň berlişini sazlamak işi gaz paýlaýjy desgalarda (GRB, UWD) goýulýan ştuserleriň (şaýbalaryň) diametrlerini üýtgetmek arkaly amala aşyrylýar. Bu barlag işleri institut tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Gazlift guýularynyň iş agentiniň (gazyň) sarp edilişini kadaly ýola goýmak baradaky usulyýet-gollanma» boýunça alnyp baryldy we önümçilige ornaşdyryldy.

Bu usulyýet-gollanmany peýdalanyp, institutyň «Nebit çykarmagyň tehnikasy we tehnologiýasy» laboratoriýasynyň işgärleri tarapyndan her ýylda azyndan 10 — 15 guýy barlagdan geçirilip, goşmaça nebit çykarmaga mümkinçilik döredilýär. «Türkmennebit» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda guýulary kadaly işletmek boýunça barlaglar dowam etdirildi.

Goturdepe käniniň 1-nji nebitgaz çykaryjy bölüminiň barlag edilmäge degişli 5 sany guýusy saýlanyp alyndy. Öň bu guýulara hasap boýunça berilmeli gazyň möçberinden 2-3 esse köp berilmegi nebit çykarylmagyna garşylyk döredýärdi. Şonda guýulara bir gije-gündizde ortaça 93 müň kub metr gaz harçlanan bolsa, barlagdan soň bu san azaldylyp, 78,2 müň kub metre ýetirildi. Bu bolsa goşmaça 7,0 tonnadan gowrak nebitiň çykarylmagyna ýardam etdi. Gazyň udel sarp edilişi bolsa bu guýularyň jemi 6 müň 270 m3 /tonnadan 4 müň 008 m3 /tonna çenli azaldyldy. Munuň özi guýularyň kadaly işledilmegini aňladýar.

Goturdepe käninde jemi çykarylýan «gara altynyň» 40%-ine çenli berýän 2-nji nebitgaz çykaryjy bölümde hem oňyn düzgünde işledilmegi üçin 5 sany gazlift guýulary saýlanyp alyndy. Çünki bu guýulara gazyň möçberiniň artyk berilýänligi sebäpli, kadadan çykýan düzgünde işleýärdi. Olaryň tehniki-tehnologik parametrleri seljerilip, barlag geçirmek teklip edildi. Orta we ýokary basyşda işleýän bu guýulara jemi 106 müň kub metr gazyň harçlanýanlygy nomogramma boýunça kesgitlenildi. Barlagdan soň bu guýulara jemi 66 müň 500 kub metr harçlanyp, goşmaça 12,2 tonna nebit alyndy. Gazyň udel sarp edilişi hem ortaça 1 müň 337 m3 /tonnadan 667 m3 /tonna çenli azaldyldy. Şeýlelikde, olaryň hemmesi kadaly düzgüne geçirildi we nebit çykarylyşynyň artdyrylmagyna belli bir derejede goşant goşdy.

Çeşme: "Nebit-Gaz" gazeti