Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Parižde halkara göçme forum badalga alýar
24.04.2024

Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýan Türkmenistan öz uglewodorod baýlyklaryny bütin adamzadyň bähbidine gönükdirmäge çalşyp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny barha işjeňleşdirýär. Soňky ýyllarda öz ýurdumyzda, şol sanda daşary döwletlerde geçirilýän forumlar bolsa milli ykdysadyýetiň nebitgaz senagaty ýaly binýatlyk pudagyna iri kompaniýalaryňdyr işewürleriň ünsüni çekmekde, bu ugurda öňde durýan derwaýys wezipeleri, geljekki meýilleri ýakyndan ara alyp maslahatlaşmakda netijeli meýdança öwrülýär. Şu gün — 24-nji aprelde Fransiýanyň Pariž şäherinde öz işine başlaýan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum (TEIF — 2024) hem hut şu maksada ýetmegi nazarlaýar.

Daşary ýurtlarda giň wekilçilikli işewürlik maslahatlaryny, maýa goýum forumlaryny guramak bilen, ýurduň ykdysady kuwwatyny, senagat, maýa goýum mümkinçiliklerini, olardan netijeli peýdalanmak babatda alnyp barylýan işleriň gerimini açyp görkezmek, hyzmatdaşlara ygtybarly maglumatlary bermek, ykdysady we önümçilik taslamalaryna daşary ýurt maýadarlaryny çekmek meseleleri esasy wezipe hökmünde öňe çykarylýar. Şoňa görä-de, Pariž forumyna gatnaşyjylar iki günüň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistanyň ösüşiniň umumy ykdysady görkezijileri, maýa goýum strategiýasy, ýurdumyzyň senagat-innowasion ösüşine, önümçilik pudagyna ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň, iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, sanly ykdysadyýete geçilmegine gönükdirilen özgertmeler bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Däp bolşy ýaly, forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Gaffney Cline» britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar. Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň energetika, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk, maliýe pudaklaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň ugurlaryny giňeltmek, nebitgaz pudagynyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin sebitleýin we halkara dialogy işjeňleşdirmek bolsa onuň esasy maksadydyr.

Deslapky maglumatlara görä, «TEIF — 2024-e» gatnaşmak üçin 200-den gowrak wekil hasaba alyndy. Şolaryň hatarynda energetika, gurluşyk, ulag ugurly milli we halkara derejeli kompaniýalaryň, halkara guramalaryň, iri maliýe düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri bar. Forumyň esasy mowzugy hökmünde «Ygtybarly, durnukly, ekologik taýdan arassa energiýa maýa goýuň!» şygarynyň saýlanyp alynmagy hem tötänden däl. Çünki soňky ýyllarda energetika pudagynda ählumumy derejede uly üýtgeşmeleriň bolup geçýändigi bilen baglylykda, adamzadyň abadan geljeginiň bähbidine energiýanyň ekologik taýdan arassa görnüşine — «ýaşyl» energiýa geçmek meselesi örboýuna galýar. Şu nukdaýnazardan, Pariž forumynyň energetika geçişi bilen bagly alnyp barylýan işleri giňden şöhlelendirmekde, bu ugurda özara pikir alşyp, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, nebitgaz taslamalaryny durmuşa geçirmegi üpjün edýän netijeli çözgütleri kabul etmekde, täzeçil strategiýalary işläp taýýarlamakda hem möhüm ähmiýete eýe boljakdygy ikuçsuzdyr. Şunda ýurdumyzyň geçen ýylyň dekabrynda Dubaýda geçirilen «COP28» maslahatynda Ählumumy metan borçnamasyna goşulandygyny aýratyn nygtamak gerek. Borçnamada tutuş dünýä boýunça, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2030-njy ýyla çenli metan gazynyň howa zyňylýan möçberini 30 göterim çäklendirmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurda milli derejede öňde durýan wezipeleriň netijeli çözgütlerini tapmakda bolsa Türkmenistan daşary ýurtly, esasan-da, ýewropaly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaga uly gyzyklanma bildirýär. Şoňa görä, forumyň gün tertibine uglewodorod serişdeleri gazylyp alnanda metan zyňyndylaryny azaltmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek meselesiniň hem girizilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Çäräniň guramaçylary forumda Hazar deňzindäki bloklarda uglewodorod serişdelerini özleşdirmäge göni maýa goýumlary çekmek, nebitdir gazy gazyp almak işinde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan işläp geçmegiň täze tapgyrlary, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzda täze gazhimiýa önümçilik toplumlaryny gurmak bilen bagly meselelere aýratyn üns beriljekdigini mälim edýärler. Şunuň bilen birlikde, iri energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň binýatlyk ugry hasaplanýan nebitgaz pudagynyň ösüşine täsirini ýetirýän sebit we dünýä meýillerini ýakyndan ara alyp maslahatlaşyp, toplan tejribelerini birek-birek bilen paýlaşarlar.

Ýeri gelende, Parižde badalga alýan göçme forumyň çäklerinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreleriň geçirilýändigini hem bellemek gerek. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, ýurdumyzyň Fransiýadaky ilçihanasy, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan guralýan baý mazmunly çäreler, öz gezeginde, türkmen halkynyň milli medeni mirasyny, ony gorap saklamak we giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri töwerekleýin açyp görkezer.