Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebitgaz, geologiýa-gözleg işlerinde netijeli işler durmuşa geçirilýär
12.04.2024

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň mineral çig mal binýadyny mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak hem-de energetika kuwwatlylygyny has-da berkitmek maksady bilen, uglewodorod serişdelerine geljegi bar bolan sebitlerinde geologiýa-gözleg işlerini, esasan hem geofiziki barlag we çuň guýulary burawlamak işlerini uly möçberlerde we giňişleýin amala aşyrmaklyklygy, uglewodorodlaryň gorlary- ny artdyrmaklygy, täze ýataklary açmaklygy we olary ulanyşa girizmekligi wajyp wezipeleriň ha- tarynda öňe sürýär. 
Nebitiň we gazyň geologiýa –gözleg işleri täze ykdysady şertlerde ileri tutul- ýan ugurlaryň biri hasaplanylýar. Nebitiň we gazyň geologiýa-gözleg işleri köp tapgyrly bolmak bilen, işi alyp barmaklygyň dürli usullaryny we yzygiderliligini talap edýär. Köp tapgyrly işleriň ýerine ýetirilmeginde, meýdançalary gözleg-barlag gazuw işlerine taýýarlamak tapgyry hem esasy orny eýeleýär. Guýular burawlananda önümli gatlaklaryň çuň ýerleşmegi, geologiki gurluşynyň çylşyrymly bolmagy sebäpli ýüze çykýan meseleleri ylmy taýdan çözmek we önümçilige ornaşdyrmak häzirki wagtda esasy meseleleriň biri bolup durýar. Bu işi, ylmy taýdan esaslandyryp, täze nebitgaz känlerini gözlemek, tapmak, olary barlamak we özleşdirmäge girizmek üçin geologiýa-gözleg işleriniň orta we uzak möhletleýin döwür içinde geçirilmeli ýerleriniň we geljegi bar bolan gatlaklarynyň üstünde iş alnyp barylýar. 
Türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň energetika bazarlaryna çykarmagyň dürli ugurlaryny döretmeklige, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalary ulanmaklyga, guýulary burawlamaklyga we düýpli abatlamaga, şol sanda ýöriteleşdirilen daşa- ry ýurt maýadar kompaniýalary çekmeklik- lige uly ähmiýet berilýär. 
Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, iri maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny artdyrmagy maksat edinýär. Döwletimiz energetika howpsuzlygynyň häzirki döwrüň şertlerine we talaplaryna laýyk gelýän täze düzümini döretmek meselelerine aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda energe- tikanyň netijeli peýdalanylmagyna, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylma- gyna, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşme- leriniň ulanylmagyna we ösdürilmegine, bu maksatlara ýetmek üçin gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn üns berilýär. 
Türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen daşarky bazarlara ibermek Garaşsyz döwletimiziň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. 
Ýangyç-energetika toplumynyň esasy bolup durýan gaz pudagy ýurdumyzyň senagat önümçiliginiň takmynan ýarysyndan gowuragyny düzýär. Häzirki wagtda gaz pudagynda täze ýataklary ýüze çykarmakdan, barlag geçirmekden we ulanmaga bermekden, uglewodorod serişdelerini ibermekden we saklamakdan başlap, taýýar önümi sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilik işiniň ähli tapgyrlary öňdebaryjy tehnologiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Diýarymyzyň gazy gaýtadan işleýän pudagy täze zawodlaryň işe girizilmegi esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda, tebigy gazy çuň gaýtadan işleýän ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýangyç energetika toplumynda ýokary ösüşleriň gazanylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň senagat innowasion ösüşini çaltlandyrmaga ýardam edýär, halkara energetika bileleşiginiň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. 
Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçiligi kemala getirmek, ýangyç¬ energetika toplumynyň eksport kuwwatyny diwersiFkasiýa ýoly bilen artdyrmak, täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmek, energiýa serişdelerini ibermekde köpugurly turbageçiriji ulgamy döretmek, bu işlerde sanly tehnologiýalaryň, şol sanda 3D we 4D modelirlemek usullarynyň ulanylyş gerimini giňeltmek wajyp wezipeleriň biridir. 
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologlary Türkmenistanyň Hökümetiniň yzygiderli goldawlary esasynda ýur- duň ýerasty gurluşyny we onuň baýlyklaryny öwrenmekde, ygtybarly mineral çig mal bin- ýadyny döretmekde we ösdürmekde ägirt uly meýilnamalaýyn işleri amala aşyrýarlar. Ýur- duň mineral çig mal serişdeleriniň ýagdaýy häzirki wagtda üstünlikli hereket edýän sena- gat kärhanalarynyň uzak wagtlap we ygtybarly işlemegini hem-de olaryň kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär. Soňky on ýyllyklarda korparasiýa tarapyndan geçirilen geologiýa gözleg-barlag işleriniň netijesinde dünýä ölçeginde möçberleri uly hasaplanýan ,«Galkynyş», Ýaşlar, Garaköl, şeýle hem Zäk- li-Derweze, Garajaowlak we başga-da gazkon- densat ýataklar toplumynyň üsti açyldy we olaryň gorlary barlanyldy. 
Dünýäde iri uglewodorod ýataklary hasaplanýan «Galkynyş», Ýaşlar, Garaköl, Zäkli-Derweze, Garajaowlak we tebigy gaza, gaz kondensatyna baý beýleki känler ýurdu- myzyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da berkidýär. Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän, çuň burawlanmagyny talap edýän Uzynada ýata- gynyň hem geljegi uludyr. «Galkynyş» gaz käninde we «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde täze ýataklar tapgyrlaýyn işe girizilýär. Amyderýanyň sag kenarynda geçirilen gözleg, özleşdiriş işleri, seýsmiki barlaglar, gözleg we ulanyş guýularynyň burawlanylmagy bu ýerde iri gaz ýataklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bilen önü- mi paýlaşmak hakynda Ylalaşygyň şertlerin- de amala aşyrylýan bu işler degişli çäkde iri gaz akymlaryny ýüze çykarmaga şert döretdi. Häzirki wagtda türkmen tebigy gazyny dürli ugurlar boýunça eksport etmegiň çig mal binýady berkidilýär we düzümi ösdürilýär. Şol bir wagtda, uglewodorod çig malyny çuň gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen ägirt uly döwrebap senagat kärhanalarynyň kuwwatlyklary artdyrylýar. Muňa mysal hökmünde polietileniň we polipropileniň dürli görnüşlerini öndürýän, «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «LG International» we «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasy) kompaniýalary tarapyndan «TOYO Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodyny görkezmek bolar. Pes basyşda etileniň polimerleşdirilmegi netijesinde alynýan önümiň kislotalara, aşgarlara, ýaglara garanyňda, has berkligi, mäkämligi we gatylygy, himiki durnuklylygy, dielektrik häsiýetleri bilen tapawutlanýandygyny bellemeli. Içerki we dünýä bazarynda ýokary islegden peýdalanylýan türkmen polietileni tehniki, şeýle hem durmuşda ulanylýan serişdeleri — paketleri, kommunikasiýa turbalaryny, elektrik kabelleriniň örtüjilerini öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanylýar. Ondan durmuşda ulanylýan himiýa önümleri, çelekler, oýnawaçlar, gap-gaçlar, aşhana we hammam, tikinçilik, mebel önümleri, awtomobil we durmuş tehnikalary üçin şaýlar, şeýle hem oýun oýnalýan meýdançalar, guýular, esta- kadalar görnüşindäki uly möçberli gurluşlar üçin zerur serişdeler taýýarlanylýar. 
«Berkarar döwletiň täze eýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyl- larda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegi- niň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Şol maksatnamada «Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmakda ylmyň soňky gazananlaryna daýanmaly we durmuşa geçirilmelidir» diýip bellenilýär. Häzirki wagtda bu Maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny giň gerimler bilen ösdürmäge we toplumyň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen energeti- ka syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek dowam etdirilýär.

Güneş BÄŞIMOWA, 
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Çeşme: «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnaly,