Gahryman Arkadagymyz 2022-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda soňky ýyllarda ýokary depginlerde özleşdirilýän Uzynada meýdançasynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň günbatar sebitde uglewodorod serişdeleriniň baý gorlary barada maglumat berýän taslamalary bilen tanşyp, Hazar deňziniň kenarýaka çäklerinde barlag-gözleg işlerini maksatnamalaýyn esasda dowam etdirmegi tabşyrypdy.
— Şol taryhy pursat biziň ekspedisiýamyzyň hünärmenleriniň buýsançly başlaryny has-da arşa göteripdi. Çünki geljegine uly umyt baglanylýan bu meýdançada ilkinji gözleg-barlag işlerini hem hut biziň zähmet toparlarymyz 2013-nji ýylda amala aşyrypdylar. Häzirki gün bu künjekden uglewodorod çig mallarynyň bol akymlary alynýar. Bellenilen meýilnamalar esasynda geçirýän iki hem-de üç ölçegli seýsmiki barlaglarymyz profilli we meýdan-grawimetrik, şonuň ýaly-da beýleki barlag usullaryny, gatlaklaryň nebitgaz berijiligine baha bermegi, uglewodorod serişdeleriniň gorlarynyň sap artyşyny almaga gönükdirilen çuň gözleg-barlagy özünde jemleýär — diýip, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofizika ekspedisiýasynyň baş geofizigi Çary Sopyýew gürrüň berýär.
Bu ekspedisiýa geçen ýyl jemi 950 pogon-kilometrlikde 2D usuly bilen seýsmiki gözleg işlerini geçirmek baradaky meýilnamasyny 51 pogon-kilometre barabar artygy bilen ýerine ýetirmegi başaryp, 418 inedördül kilometr meýdanda 3D usulynda geçirilmeli işleri hem abraý bilen berjaý edipdir. Häzirki döwürde bu ugurlarda iş alyp barmagyň 3D usuly ýörgünli bolup, ol has çuň, çylşyrymly geologik gurluşy bolan gatlaklary içgin öwrenmäge giň mümkinçilikleri berýär. Ekspedisiýanyň dürli kärde zähmet çekýän hünärmenleri ýeriň 6-7 müň metr çuňluklaryndaky gatlaklary öwrenmegiň netijesinde alynýan seýsmiki maglumatlaryň esasynda meýdançanyň çäginde geljegi bolan nebitgazly ýataklary anyklamagy üstünlikli amala aşyrýarlar. Toplanan maglumatlar korporasiýanyň geologiki maglumatlar Merkezine ýetirilýär. Soňky gysga wagtyň dowamynda bu ekspedisiýa has ygtybarly seýsmiki stansiýalara, kuwwatly ýer sarsdyryjylara eýe boldy. Bu bolsa bitirýän işleriniň netijeliligini gazanmaga, hilini ýokarlandyrmaga aýgytly täsirini ýetirýär.
Balkan welaýatynda we onuň Hazar deňziniň kenarýaka çäklerindäki meýdançalarda seýsmiki gözleg işlerini geçirýän ekspedisiýanyň esasy maksady ýeriň çuň gatlaklarynyň geologik gurluşyny öwrenip, nebite, gaza geljegi bolan ojaklaryň üstüni açmakdan hem-de uglewodorod çig mallarynyň haýsy çuňluklarda, gatlaklarda ýatandygyny takyklap, teklipnamalary taýýarlamak bolup durýar. Ekspedisiýanyň üç sany seýsmiki, bir sany grawiki toparlarda jemlenen hünärmenleri öz işlerini netijeli alyp barmagy başarýarlar. Günbatar sebitiň çäklerindäki gyzyl reňkli gatlaklar häzire çenli doly diýen ýaly öwrenilen gatlaklardyr. Häzirki günlerde bolsa miosen gatlagyny öwrenmek işleri ygtybarly dowam etdirilýär. Bu ugurda ekspedisiýanyň Azat Çendirow, Çary Hydyrow, Kömek Toýçyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparlarynyň hünärmenleri döwrebap işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler.
Kärhananyň zähmet toparlary häzirki günlerde Etrek etrabynyň çägindäki Rüstemgala we Gulandag meýdançalarynda 2D usulda, Esenguly etrabynda bolsa Porsy meýdançasynda 3D usulda döwrebap işleri alyp barýarlar. Keýmir meýdançasynda bolsa grawimetrik gözleg işleri dowam etdirilýär. Türkmen alymlarynyň tassyklamaklaryna görä, miosen gatlaklary uglewodorod çig mallary babatda geljegi uly bolan gatlaklardyr. Diňe şu ýylyň iki aýynda 174 pogon-kilometrde 2D usulynda, 105 inedördül kilometrde 3D usulynda we 66 inedördül kilometrde grawimetrik gözleg işlerini özleşdirmek baradaky meýilnamalara abraý bilen hötde gelmekleri geofizikleriň üstümizdäki şanly ýyly zähmet üstünliklerine beslejekdigine şaýatlyk edýär.