Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
NEBIT-GAZLY WATANYM!
04.04.2024

Häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirmäge, täze ýataklary döwrebap usullar arkaly gözläp tapmaga, umuman, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmaga uly üns berilýär. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň işgärleri tarapyndan bolsa döwlet Baştutanymyzyň satyn alyp beren iň kämil enjamlary arkaly nebite we gaza baý gurluşlary ýüze çykarmak, gaty magdanlary, ýerasty suwlary gözlemek, ylmyň soňky gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak işleri depginli dowam etdirilýär. 
Ýurdumyzda nebithimiýa pudagynyň kärhanalarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, täze önümçilikleriň gurluşygy bu ulgamda dünýäniň soňky gazananlary, öňdebaryjy, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy nazara alnyp amala aşyrylýar. Şol tehnologiýalar arkaly çig malyň doly gaýtadan işlenilmegi ýangyç-çalgy serişdeleriniň köp görnüşleriniň, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň hem-de hil babatda halkara ölçeglerine laýyk gelýän beýleki önümleriň çykarylmagyny üpjün edýär. 
Bilşimiz ýaly, nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Türkmenistan tebigy gazyň tassyklanylan gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär we häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde «mawy ýangyjy» iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär. Özüniň geosyýasy taýdan amatly çäkde ýerleşýändigi hem-de uglewodorod serişdelerine örän baýdygy sebäpli, ýurdumyz Ýewropa we Aziýa bazarlaryny hem öz içine alýan dürli ugurlar boýunça gazy eksport etmegi artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Muňa Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi aýdyň subutnamadyr, onda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny müňýyllyklaryň dowamynda baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek taglymlary öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk işleri ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Türkmen gazynyň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna uzakmöhletleýin esasda iberilmegini üpjün etjek TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş hem-de ynsanperwer häsiýetli meseleleriň oňyn çözgüdine ýardam eder, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrar. Hususan-da, müňlerçe täze iş orunlary, degişli elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk hem-de durmuş düzümleri peýda bolar. 
Häzirki wagtda ýurdumyzyň esasy we ägirt uly gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» käni ýokary depginlerde özleşdirilýär, garaşsyz bilermenler toparynyň maglumatlaryna görä, Ýaşlar we Garaköl ýataklary bilen bilelikde onuň gorlary 27 trillion kub metre deňdir. Bu ýerde ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy ulanylmaga berildi, şeýle kuwwatlyklara eýe bolan beýleki toplumlaryň gurluşyk işleri hem dowam etdirilýär. 
Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli serişdeleriň gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilýän iri senagat desgalarynyň gurluşygyna uly üns berilýär. Bu bolsa geljegi uly bolan nebitgaz senagatynyň ýurdumyzyň iň bir girdejili, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmäge ukyply, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşjak iri kärhanalaryň ençemesiniň halkymyzyň hyzmatyna beriljekdigini aňladýar.

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti