Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty ösüşli ýollarda ynamly öňe barýar
14.03.2024

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň düzümlerinde gazanylýan ýokary netijeler nebitgaz senagatynyň işgärlerini ýylyň-ýylyna döwlet derejesinde ýokary guramaçylykda bellenilýän Türkmenistanyň Halkara bitaraplyk gününiň hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriň gününiň zähmet üstünlikleri bilen garşylamagyny şertlendirýär. Bu goşa baýramçylyk yzly-yzyna sepleşip gelmek bilen, Türkmenistanyň syýasy we ykdysady garaşsyzlygyny dünýä ýaýyp, alnyp barylýan döwlet syýasatynyň, gazanylýan üstünlikleriň, ägirt uly taryhy ösüşleriň, parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň, ykdysady hyzmatdaşlygyň, agzybirligiň we bilelikdäki zähmetiň netijesiniň dünýäde ykrar edilmegini üpjün edýär.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygy, bitaraplyk hukuk ýagdaýy, alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty ähli ulgamlar bilen bilelikde nebitgaz toplumynyň düzümleriniň ösüşine uly we giň mümkinçilikler berdi. Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolup, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň sazlaşykly depginlerini üpjün etmekde oňa ähmiýetli orun berilýär. BMG tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş babatda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibini» üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şerti hökmünde energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny döretmäge gönükdirilip, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakynda Rezolýusiýalar olaryň derwaýyslygyny tassyklaýar.

50 trillion kub metr möçberde kesgitlenen tebigy gazyň baý serişdelerine eýe bolmak bilen, Türkmenistan döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek nukdaýnazaryndan, şeýle hem daşky gurşawy goramak, ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýe bolan giň gerimli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda ýangyç-energetika toplumyna uly möçberde maýa serişdeleri goýulýar, olar pudagy ösdürmäge, nebitgaz kärhanalaryny tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmaga gönükdirilendir. Geologiýa-gözleg we buraw işleri, şeýle hem täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek işjeň alnyp barylýar. «Asyryň taslamasy» adyny alan Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi ýeňişli ýollaryň iň uly üstünlikleriniň biridir. Durmuşa geçirilen bu iri taslamanyň sebiti düýpli ösdürmekde we oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, dostlukly Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy has ysnyşykly häsiýetde alyp barmakda we berkitmekde onuň täsiri uludyr.

Dünýäde iri «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň, eksport gaz geçirijileriniň çig mal binýadyny berkitmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Onuň serişdeleri Ýaşlar we Garaköl ýataklary bilen bilelikde gazyň 27 trillion kub metrine golaý mukdarda kesgitlendi. Bu energetika ulgamy - XXI asyryň ägirt uly inženerçilik-tehniki desgalarynyň biri bolmak bilen, onuň taslamasy halkara gatnaşyklarynda hoşniýetli erk-islegiň, netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň özboluşly nusgasyna öwrüldi. Türkmen nebitçileri, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, nebit pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we yzygiderli syýasaty bilen baglanyşykly döwrebap talaplardan ugur alyp, ýurdumyzyň nebit pudagyny ösdürmek maksady bilen, senagat derejesindäki täze nebit gorlaryny gözläp tapmak, täze önümli gatlaklaryň hem-de känleriň üstüni açmak, şeýle hem işlenip geçilýän nebitgazly känleriň özleşdirilişiniň ähmiýetliligini has ýokarlandyrmak üçin sanly ulgam bilen bir hatarda nebit önümçiligine has oňaýly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça bu ugurlarda uly tejribesi bolan daşary ýurtly kompaniýalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň depginini gün-günden güýçlendirýär.

«Türkmennebit» döwlet konserni ýurdumyzyň guryýer çäklerinde ýerleşýän, takmynan, 30 golaý nebitgazly känlerde geologiýa gözleg-barlag, guýulary gazmak, çig nebiti, ugurdaş we tebigy gazy hem-de gaz kondensatyny çykarmak, şeýle hem olary ýygnap, arassalap, harytlyk görnüşinde taýýarlap akdyrmak işlerini amala aşyrýar. Yzygiderli we netijeli ýerine ýetirilýän geologo-tehniki çäreleriň hem-de nebit önüm[1]çiligine ornaşdyrylýan innowasion çözgütli tehnologiýalaryň netijesinde ýurdumyzda çig nebitiň kondensat bilen bilelikde çykarylýan möçberini artdyrmaklyk meýilleşdirilýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýanyň geologlary Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň Hökümetiniň yzygiderli goldawlary esasynda ýurduň ýerasty gurluşyny we onuň baýlykla[1]ryny öwrenmekde, ygtybarly mineral çig mal binýadyny döretmekde we ösdürmekde ägirt uly meýilnamalaýyn işleri amala aşyrýarlar. Ýurduň mineral çig mal serişdeleriniň ýagdaýy häzirki wagtda üstünlikli hereket edýän senagat kärhanalarynyň uzak wagtlap we ygtybarly işlemegini hem-de olaryň kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär. Soňky on ýyllyklarda korporasiýa tarapyndan geçirilen geologiýa gözleg-barlag işleriniň netijesinde dünýä ölçeginde möçberleri uly hasaplanýan Galkynyş, Ýaşlar, Garaköl şeýle hem Zäkli-Derweze, Garajaowlak we başga-da birnäçe gazkondensat ýataklar toplumynyň üsti açyldy we olaryň gorlary barlanyldy. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilen seýsmiki barlag işleriniň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň amala aşyran çuň guýulary burawlamaklygyň we synamaklygyň netijesinde Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýer astynyň 7000 metr töweregi çuňlugynda ýerleşen Uzynada gazkondensat ýatagynyň üsti açyldy. Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda gazanylan üstünlikler agzap geçerden köp[1]dür. Bu ugurda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barha rowaçlyklara beslenýär.

Çeşme: «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnaly.