Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«TÜRK­MEN­NE­BIT» WE «DRA­GON OIL» NE­BIT­GAZ PU­DA­GYN­DA HYZ­MAT­DAŞ­LY­GYŇ MÜM­KIN­ÇI­LIK­LE­RI­NI ARA ALYP MAS­LA­HAT­LAŞ­DY­LAR
15.02.2024

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň we Aşgabada iş sapary bilen gelen BAE-niň «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Raşid Al Jarwanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda geçirilen duşuşykda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda «Dragon Oil» kompaniýasynyň wekilleri Türkmenistanyň häzirki wagtda dünýäniň energetika bazaryny ösdürmäge işjeň gatnaşýandygyny bellediler. Şeýle hem bilelikde işlemekde toplanan baý tejribäni hemde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dünýä bazarynda energetika bolan islegiň artmagyny nazara almak bilen, taraplar hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň «Dragon Oil» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taslamalara seretmäge taýýardygy beýan edildi.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşykda Raşid Al Jarwan kompaniýanyň ýakyn geljekki meýilnamalary barada gürrüň berdi.

Onuň belleýşi ýaly, kompaniýanyň müdiriýeti «Türkmennebit» bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýar we döwlet konserniniň yzygiderli goldawyna ýokary baha berýär. Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy blogy barlamak meýilleşdirilýär. Ol ozal bilelikdäki meýilnama boýunça 3D seýsmiki barlag bilen gurşalyp alyndy. Bu ugurda işler üstünlikli geçirildi. Bu gün bolsa ol işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzir 3D seýsmiki barlagdan geologiýa gözleg işlerine geçilýär. Şonuň üçin şu ýyl, ozaly bilen, buraw işlerine girişiler. Zerur bolan ähli goldaw «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan üpjün edilýär. Häzirki wagtda 19-njy blokda barlag işleriniň täze tapgyryna garaşylýar.

Bu duşuşygyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Dragon Oil» kompaniýasynyň Direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen bolan duşuşygynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň subutnamasy bolandygyny bellemek gerek. Ol duşuşyk Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 4-5-nji ýanwarynda BAE amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirildi.

Duşuşyk tamamlanandan soň Milli Liderimiziň gatnaşmagynda «Türkmennebit» döwlet konserni hem-de «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» kompaniýasy Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolup, olary gözläp tapmaga, işläp taýýarlamaga, gazyp almaga ýöriteleşdirilen dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. Şolaryň hatarynda «Dragon Oil» kompaniýasy hem bolup, ol özüni jogapkär, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň bu esasy pudagynda nebitiň, tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, şeýle hem türkmen energiýa serişdeleriniň, taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak gaýragoýulmasyz wezipelerdir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­ni gurmagyň taslamasyny amala aşyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär, ol tutuş Aziýa sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer. «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň üçünji tapgyrynyň hasabyna bu halkara gaz geçirijiniň «mawy ýangyç» bilen üpjün edilmegi meýilleşdirilýär.

Şeýle hem, bellenilişi ýaly, baş edarasy BAE-niň Dubaý şäherinde ýerleşýän «Dragon Oil» kompaniýasy Türkmenistanda 2000-nji ýyldan bäri önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşygyň esasynda işleýär. Onuň işiniň esasy ugry Hazar deňzinde, «Çeleken» şertnamalaýyn çäkde uglewodorod serişdelerini çykarmak bilen baglanyşyklydyr. Geçen ýyllaryň dowamynda bu kompaniýa, hususan-da, Jeýtun, Jygalybeg ýataklarynda gözleg işlerini ýerine ýetirmäge, olary özleşdirmäge ägirt uly maýa serişdelerini goýdy.

Geçen ýylyň dekabrynda «Dragon Oil» Aşgabat şäherinde özüniň täze edarasyny açdy, munuň özi ýola goýlan uzakmöhletli, strategik hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti