Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýaşlarymyzyň ylmy işler, döredijilik bilen meşgullanmagyna hem uly mümkinçilikler bar. Biz ýaşlar döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy nebitgaz senagatynda ruhubelentlik bilen zähmet çekýäris. Biziň çekýän zähmetimize hemişe uly baha berilýär. Geçen hepdede nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda bolan dabarada maňa hem hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbaha sowgat gowşuryldy. Täze ýylyň öňüsyrasy gowşurylan bu sowgat biziň ähli maşgala agzalarymyzy diýseň begendirdi. Ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw-hemaýaty üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Gülälek ÝÜZBAŞYÝEWA,
«Türkmennebit» DK-nyň Halkara hyzmatdaşlygy we maýa goýum taslamalary bölüminiň baş hünärmeni.