Şu gün ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Bu sene mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynda işleýän hünär ussatlygy bilen tapawutlanan işgärlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle serpaýyň maňa hem nesip etmegi, kärime bolan söýgimi has-da artdyryp, ynanylan işlerde jogapkärçiligimi ýokarlandyrdy. Türkmen ýaşlaryna bildirýän ynamy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn.
Her ýylda bellenilýän bu hünär baýramymyzyň Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bellenilmegi biz — ýaşlar üçin has-da uly ähmiýete eýedir.
Çünki Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan iňňän parasatlylyk bilen dowam etdirilýän energetika syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumynda gazanylýan ösüşlere, ýetilýän sepgitlere ýaşlar öz saldamly goşandyny goşýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, döredip berýän mümkinçilikleri esasynda tebigy baýlyklaryň mekany bolan ýurdumyzda geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň netijesinde nebitgaz serişdelerine baý ýataklar ýüze çykarylýar, nebitiň we gazyň çykarylyşy we uglewodorod serişdelerini gaýtadan işläp, bäsleşige ukyply ýokary hilli önümleriň öndürilişi barha artýar. Munuň özi diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän önümleri özümizde öndürmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilmegine däl, eýsem, olaryň daşary ýurt bazarlarynda ýerlenilmeginiň möçberini hem artdyrmaga ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň berýän goldawlary esasynda nebitgaz toplumynyň önümçiligine häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylýar, şol innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan kärine ussat hünärmenler taýýarlanylýar. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öňümizde duran wezipeleri durmuşa geçirmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işlerde halkara hyzmatdaşlygyna hem uly orun berilýär. Dünýä belli nebitgaz kompaniýalary bilen iki tarapa bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýulýar. Munuň özi hem hyzmatdaşlyk edilýän ugurlarda işleriň ilerlemegine ýardam edýär.
Umuman, nebitgaz toplumynda gazanylýan üstünlikler sanardan kän. Olaryň ählisi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna saldamly goşandyny goşýar. Munuň özi bolsa öz gezeginde halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär.
Men şu pursatda ýurdumyzyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň ählisini hünär baýramy bilen gutlaýaryn. Bize şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaga, işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärin.
Yklym Myradow,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň
Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygy müdirliginiň başlygy.