Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli daşary syýasat üstünlikli amala aşyrylýar. Halkara jemgyýetçilik tarapyndan giňden goldanylýan bu ugurda dünýäniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we häzirki zamanyň möhüm ekologiýa wehimlerine garşy durmak meseleleri aýratyn orun eýeleýär. Häzirki döwürde dünýä derejesinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we global howanyň ýylamagynyň öňüni almak ugrunda pes uglerodly energiýa we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara geçmek prosesi işjeň häsiýete eýe bolýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistanda ýaşyl energetikanyň çeşmelerini, aýratyn-da geljegiň iň geljegi uly we arassa ýangyçlarynyň biri bolan wodorod energiýasyny netijeli ulanmak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge we önümçilige ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzda wodorod energetikasy pudagyny döretmegiň we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegiň mäkäm binýady hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasy» tassyklanyp, meýilleşdirilen strategiýa laýyklykda durmuşa geçirildi. Bu taryhy resminamanyň çäklerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýöriteleşdirilen Wodorod energetikasy merkezi döredildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylan degişli iş meýilnamalarynyň esasynda, döwrebap ylmy-barlag we okuw-tejribe binýadyny döretmek hem-de ýokary derejeli ýerli hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilip başlandy.
Wodorod energetikasy boýunça halkara ülňülere laýyk gelýän ylmy we amaly tejribäni toplamak maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, abraýly halkara guramalary we iri kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ilkinji möhüm tapgyrlarynda uniwersitetiň Wodorod energetikasy merkeziniň hünärmenleri we mugallymlary sanly ulgam arkaly Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň, dünýä belli «Iwatani» we «Kawasaki Heavy Ind.» kompaniýalarynyň bilermenleri bilen tejribe alyşdylar. Şeýle hem Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA), Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň “Imperial College London” ýokary okuw mekdebiniň “Substainable Gas Institute” merkeziniň bilermenleri bilen wodorod energiýasyny almagyň innowasion usullaryny we häzirki zaman tehnologik tilsimatlaryny düýpli öwrenmek boýunça birnäçe ýokary derejeli iş maslahatlary we maslahatlaşmalar yzygiderli guraldy.
Döredilen täze merkeziň netijeli işlemegi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň beýleki edara-kärhanalary üçin hem ylmy-okuw merkezi hökmünde giň mümkinçilikleri açdy. Merkezde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hünärmenleriniň ugurdaş hünär başarjaňlyklaryny artdyrmak we amaly başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen ýörite okuwlar we tejribelik işleri yzygiderli guraldy. Munuň bilen birlikde, halkara gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň wekilleri bilen “Ýaşyl transformasiýa boýunça duşuşyk” we “Energetika babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk” hakynda, Hytaý Halk Respublikasynyň “Sinopec” kompaniýasy bilen döwrebap tejribehana enjamlaryny satyn almak barada, şeýle hem BMG-nyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) “Senagat ulgamynda wodorod energiýasynyň orny baradaky global maksatnamasynyň” çäklerinde geljegi uly bilelikdäki taslamalary sanly ulgam arkaly ara alyp maslahatlaşdylar.
Ylmy we amaly taýdan gazanylan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek we halkara bilermenler düzümi bilen pikir alyşmak maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde dünýäniň dürli sebitlerinden gelen bilermenleriň gatnaşmagynda giň gerimli maslahatlar guraldy. Şunuň bilen baglylykda geçirilen «Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri» hem-de «Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatlary dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Bu maslahatlarda häzirki zamanyň iň wajyp energetika meseleleri, ekologiýa kadalaryny saklamak bilen uglewodorod ýataklaryny netijeli özleşdirmegiň innowasion ugurlary we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän tehnologiýalar barada giňişleýin durnukly teklipler orta atyldy we ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wodorod energetikasy merkezinde amala aşyrylan düýpli ylmy-barlag we barlaghana işleri ýurdumyzda alternatiw energiýa çeşmelerini öndürmekde uly taryhy netijeleriň gazanylmagyna getirdi. Ýerli hünärmenleriň we alymlaryň netijeli zähmeti netijesinde, elektroliz usulyny ulanmak arkaly adaty suwdan ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli ýaşyl wodorod ýangyjy üstünlikli alyndy. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerinden peýdalanmak maksady bilen, merkeziň hünärmenleri tarapyndan plazmohimiki innowasion usulyna esaslanýan hem-de tebigy gazdan wodorod ýangyjyny almaga mümkinçilik berýän ýörite barlaghana enjamy işlenip düzüldi we gurlup ulanmaga berildi. Bu ýokary tehnologik usul bilen alnan wodorod ýangyjy döwrebap we takyk “Agilent Technologies 6890” kysymly gaz hromatografynda analiz edilip, önümçilik hadysasynyň netijesinde tebigy gazdan ýokary netijeli wodorodyň hem-de senagatda uly isleg bildirilýän tehniki uglerodyň emele gelýändigi ylmy esasda bütinleý subut edildi.
Halkara hyzmatdaşlygy we taryhy dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa bolan taryhy iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy ulgamynda bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek we tejribe alyşmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilip, ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze badalga berildi. Gazanylan ýokary derejeli ylalaşyklary we bellenilen çäreleri doly we hilli amala aşyrmak maksady bilen, Wodorod energetikasy merkeziniň 2025-2026-njy ýyllar üçin iş Meýilnamasynyň taslamasy hem-de daşary ýurt tejribelerini ornaşdyrmagyň täze ugurlary toplumlaýyn esasda taýýarlanyldy. Amala aşyrylýan bu yzygiderli işleriň we taýýarlyklaryň netijesinde, uniwersitetiň wekilleriniň hünär we ylmy taýdan başarnyklaryny iň ýokary derejä çykarmak maksady bilen, 2026-njy ýylda Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetine ýörite iş saparlaryny guramak we türkmen hünärmenlerini döwrebap okuw maksatnamalaryna we ylmy barlaglara gatnaşmak üçin ugratmak boýunça degişli guramaçylyk işleri meýilleşdirildi we üstünlikli amala aşyrylýar.
J.Saparowa
"Türkmennebit"döwlet konserniniň inspektory







