«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda giňden belleniljek mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny ýokary zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýän senagat toplumlarynyň biri-de «Türkmennebit» döwlet konsernidir. Onuň garamagyndaky edaralardyr kärhanalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nebitli-gazly ýataklary gözläp tapmakda, olary senagat taýdan gaýtadan işläp taýýarlamakda ägirt uly işleri üstünlikli amala aşyrýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýýan belent wezipelerini gyşarnyksyz durmuşa geçirmekde döwlet konserniniň Balkan welaýatynda zähmet çekýän önümçilik düzümleri-de mynasyp hyzmatlary bitirýärler. Hünärmenleriň gürrüň bermeklerine görä, öňdebaryjy kärhanalaryň hatarynda konserniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň zähmet toparlaryny görkezmek bolar. Olar welaýatyň çägindäki Gumdag, Guýjuk, Gögerendag, Ekizak, Ördekli, Uzynada ýaly nebitgaz känlerini senagat taýdan özleşdirip, tebigy çig mal serişdelerini almakda netijeli işleri alyp barýarlar. Şeýle-de kärhananyň zähmet toparlary Hazar deňiziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käniniň ýerasty gatlaklaryny özleşdirmek arkaly çykarylýan uglewodorod çig mal serişdelerini harytlyk görnüşine getirip, olary döwlet ammaryna ýetirýärler.
Golaýda bolsa Uzynada käninde gurlan gazdan nebit kondensatly garyndysyny saýlaýjy we akdyryjy desganyň ulanylmaga berilmegi bu ýerde ozal önümçilikde sarp edilýän wagty tygşytlamaga hem-de degişli çykdajylary ep-esli derejede azaltmaga giň mümkinçilik berdi. Has takygy, möhüm desganyň ulanyşa tabşyrylmagy netijesinde Uzynada käninden alynýan uglewodorod çig mal serişdelerini harytlyk görnüşine getirmek üçin Ördekli, Gögerendag, Gumdag känlerindäki saýlaýjy we akdyryjy desgalara ibermek zerurlygyny aradan aýyrdy. Şeýlelikde, bu täze desga Hazar sebitindäki Uzynada känini senagat taýdan özleşdirmekde toplumlaýyn amala aşyrylýan işleri sazlaşykly guramaga ygtybarly şertler döretdi.
Ýeri gelende aýtsak, «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň buýurmasy boýunça onuň taslama işlerini «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki «Nebitgazylmytaslama» instituty ýerine ýetirdi. «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň gurluşykçylary hem önümçilik desgasyny ýokary hil derejesinde bina etdiler. Bu ýerde oturdylan döwrebap, kuwwatly enjamlaryň güýji bilenem ýer astyndan alynýan tebigy gaz kondensatdan, suwdan we beýleki mehaniki garyndylardan arassalanýar. Şonuň netijesinde «mawy ýangyç» umumy uzynlygy 32,3 kilometre barabar täze çekilen turba geçirijiniň üsti bilen Barsagelmez meýdançasyndaky gaz gysyjy desga ugradylýar. Saýlanyp alnan nebit kondensaty-da ýörite çelek ammarlaryna jemlenip, bellenilen tertipde Gumdag nebit taýýarlaýyş we akdyryş bekedine iberilýär. Uzynada käninde gurulmagy meýilleşdirilýän Bugarma meýdançasyna hem nebit kondensatyndan saýlanyp alnan suwlar akdyrylar.
Geljegi uly Uzynada känindäki işleriň häzirki depginem olaryň mundan beýlägem täze üstünliklere beslenip, belent sepgitlere ýetjekdigine bolan mizemez ynamy hasam pugtalandyrýar. Şeýle-de ösen häzirki zaman dünýäsiniň kämil desgalaryna, öňdebaryjy tehnologiýalaryna eýe bolan zähmetsöýer hünärmenler özlerine döredip berlen nusgalyk şertlerdir mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş, hoşallyk sözlerini beýan edýärler.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti







