Nebit hem-de gaz çig mal serişdeleriniň öz ýurduň çäginde önmegi döwletiň ykdysady pudagynyň ösmegi üçin aýratyn möhümdir. Tebigy baýlyklaryna erkin eýelik edýän Türkmenistan bir wagtyň özünde nebit hem-de gaz çig malyny tebigy görnüşinde, şonuň ýaly-da gaýtadan işlenen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän taýýar harytlar hökmünde sarp edijiler bazarlaryna ýetirmek bilen, ýurduň girdeji gorunyň barha baýlaşmagyny üpjün edýär. Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň öndürýän nebit önümleri, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagynda bolan «Bereket» ýod zawody, Garlykdaky kaliý dag-magdan toplumy, «Maryazot» önümçilik birleşigi, «Garabogazkarbamid», «Tejenkarbamid», «Marykarbamid» zawodlary, Gyýanlydaky polimer zawody, Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod, «Türkmenturba» zawody ýaly iri önümçilik edaralary durmuşyň dürli ugurlarynda zerur bolan ýokary hilli önümleri öndürmek bilen, ýurduň walýuta gaznasyny baýlaşdyrýarlar.
Nebitgaz serişdeleri we olary gaýtadan işlemekden alynýan ýokary hilli senagat önümleri dünýä ykdysadyýetiniň ynamly ösmegi we ilatyň gündelik ýaşaýyş-durmuşy üçin möhüm orun eýeleýär. Şu nukdaýnazardan, bu möhüm serişdeleri öz goýnunda jemleýän Türkmenistan dünýä döwletleriniň, abraýly halkara gurmalaryň, iri önümçilik kompaniýalaryň hyzmatdaşlyk etmek üçin uly gyzyklanma bildirýän ýurdy hökmünde dünýä derejesinde öz ornuny barha berkidýär. Tebigy baýlyklary halkymyzyň hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň haýryna peýdalanmak babatda parasatly syýasaty alyp barýan döwletimiz ýangyç-energetika toplumyna ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň iň täzelerini, innowasion tehnologiýalary we sanly dolandyryş ulgamyny işjeň ornaşdyrýar.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







