GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan we «PETRONAS»: Üç onýyllygyň dowamyndaky strategik hyzmatdaşlyk
17.06.2026

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we milli baýlyklarymyzy dünýä bazaryna durnukly çykarmak strategiýasynda Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasy bilen ýola goýlan gatnaşyklar aýratyn orun tutýar. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir ykdysady bähbitleriň däl, eýsem, özara hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň nusgawy mysalydyr.

Şu ýyl Türkmenistan bilen «PETRONAS» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl dolýar. 1996-njy ýyldan bäri dowam edip gelýän bu hyzmatdaşlyk Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ägirt uly uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. «PETRONAS» kompaniýasy Hazaryň kenarýakasynda iş alyp barmaga we maýa goýmaga ynam bildiren ilkinji iri halkara energetika kompaniýalarynyň biri hökmünde taryha girdi.

Üç onýyllygyň dowamynda «PETRONAS» tarapyndan amala aşyrylan taslamalar Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň tehnologiki taýdan kämilleşmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine we eksport mümkinçilikleriniň giňelmegine saldamly goşant goşdy. Aýratyn-da, ýokary bilimli milli hünärmenleri taýýarlamakda kompaniýanyň bitiren hyzmatlary türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ynsanperwer ugurda has-da ösdürilýändiginiň subutnamasydyr.

Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň wekiliýetini, şol sanda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany hem-de «PETRONAS» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi kabul etmegi bu strategik hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berdi.

Duşuşygyň başynda myhmanlar Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahimiň we Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny döwlet Baştutanymyza ýetirdiler. Bu diplomatik ädim iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini we birek-birege bolan gyzyklanmasyny tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyz duşuşygyň dowamynda Malaýziýa bilen gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň birididigni nygtady. Esasan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäginde «PETRONAS» bilen toplanan oňyn tejribe geljekki taslamalar üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Bu ýokary derejeli duşuşyk diňe bir taryhy netijeleri däl, eýsem, anyk geljekki maksatnamalary hem öz içine aldy. Gepleşikleriň dowamynda bellenilişi ýaly, Malaýziýanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekilmegi meýilleşdirildi. Bu resminama iki tarapyň hem täze ykdysady şertlerde bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygynyň görkezijisidir.

Kompaniýanyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň baý uglewodorod serişdelerini bütin adamzadyň bähbidine gönükdirýändigini aýratyn belläp, öz üstüne alan borçnamalaryna mundan beýläk-de ygrarly boljakdyklaryna ynandyrdylar. Bu bolsa «PETRONAS-yň» Türkmenistandaky işiniň uzak möhletli we durnukly häsiýete eýedigini ýene bir gezek subut etdi.

Döwlet Baştutanymyz «PETRONAS» kompaniýasynyň ýurdumyzyň nebitgaz pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakdaky işine aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Kompaniýanyň goldawy bilen Malaýziýada bilim alýan türkmen ýaşlary häzirki wagtda ýurdumyzyň energetika pudagynyň intellektual kuwwatyny emele getirýärler. Tehnologiki hyzmatdaşlyk diňe bir enjamlary getirmek däl, eýsem, dünýä derejesindäki tejribäni we innowasion dolandyryş usullaryny Türkmenistanyň önümçilik meýdançalaryna ornaşdyrmak bilen amala aşyrylýar.

Türkmenistan gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça anyk we innowasion tekliplere seretmäge taýýardygyny tassyklady. «PETRONAS» bilen hyzmatdaşlyk diňe bir uglewodorod çykarylyşy däl, eýsem, ekologiýa kadalaryny saklamak, önümçilige sanly ulgamlary ornaşdyrmak we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak ýaly ugurlarda hem uly geljege eýedir.

Netijede, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň wekilleriniň arasyndaky bu netijeli gepleşikler iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine hyzmat edýän strategik hyzmatdaşlygyň pugtalanýandygyny görkezdi. 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň tejribesi we täze gol çekilýän ylalaşyklar Türkmenistan bilen «PETRONAS-yň» ýene-de onlarça ýyllap bilelikde täze üstünliklere sary gadam urjakdygynyň kepilidir.

Ýeri gelende bellesek, PETRONAS kompaniýasy 1974-nji ýylda döredilip, Malaýziýanyň nebit we gaz serişdelerini dolandyrmak ygtyýaryna eýe boldy. Häzirki wagtda kompaniýa dünýäniň 100-den gowrak ýurduny öz içine alýan giňişleýin halkara korporasiýasyna öwrüldi. Onuň iş ugurlaryna uglewodorodlaryň gözleg we çykarylyş işleri, nebit-gaýa senagaty, nebit-himiýa önümçiligi, söwda, marketing we innowasion energetika çözgütleriniň durmuşa geçirilmegi girýär.

Kompaniýa 2050-nji ýyla çenli uglerodyň zyňyndylarynyň 0-derejesine çykmagyny (NZCE 2050) gazanmak maksadyna laýyklykda, uglerody tutmak we saklamak (CCS), wodorod energiýasy, täzelenýän energiýa çeşmeleri ýaly ugurlarda täze taslamalary durmuşa geçirýär.

«PETRONAS» 1996-njy ýylda Türkmenistanda ilkinji maýa goýumyny geçirip, ýurduň nebitgaz pudagynyň ösüşine hyzmatdaşlygy başlapdy. Bu kompaniýa Türkmenistanyň deňiz ýataklaryna ilkinji maýa goýum eden daşary ýurt operatory boldy. 2025-nji ýylyň maý aýynda kompaniýa taýýar önümi paýlaşmak hakynda täze 25 ýyllyk ylalaşyga gol çekip, öz hyzmatdaşlygyny 2050-nji ýyla çenli dowam etdirjekdigini tassyklady.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygy müdirliginiň başlygy — Yklym Myradow