Türkmenistanyň «Galkynyş» gaz käni dünýäniň gury ýerdäki iň uly gaz ýataklarynyň biridir. Ol milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde we sebitiň hem-de dünýäniň energetika bazaryny «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. «Galkynyş» gaz käni Ýaşlar we Gara köl ýataklary bilen birlikde özüniň ägirt uly gorlary bilen tapawutlanyp, Beýik Britaniýanyň halkara energetika audit işlerini alyp barýan «Gaffney, Cline & Associates» kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, gaz gorlary, takmynan, 27,4 trillion kub metr töweregi diýlip çaklanýar. Bu görkeziji boýunça «Galkynyşyň» gory Eýranyň we Kataryň paýlaşýan «South Pars/North Dome» ýatagyndan soň ikinji ýerde durýar.
Bu kän Türkmenistanyň günorta-gündogar böleginde Mary welaýatynyň çäginde ýerleşip, örän uly meýdany eýeleýär. Ilkibaşda (2006-njy ýylda) bu meýdanda Günorta Ýolöten, Osman we Minara ýaly birnäçe aýry ýataklar hereket edýärdi. Soňra geologlaryň geçiren gözleg, çuňňur burawlama we seýsmiki barlaglarynyň netijesinde, ýataklaryň arasynda hiç hili «üzülme» ýokdugy anyklanyldy. Ýataklaryň ýeriň aşagynda bitewi bir gaz basseýnini emele getirýändigi belli boldy. Şeýlelik bilen, 2011-nji ýylyň 18-nji noýabrynda bu ägirt uly gaz strukturasyna resmi taýdan «Galkynyş» diýip at berildi. Bu hem döwletimiziň ýangyç-energetika pudagynda täze galkynyş döwrüne gadam basylýandygynyň aýdyň nyşany boldy.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







