Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda bedew bady bilen öňe barýan berkarar döwletimiziň ýangyç-energetika toplumynyň iri düzümleriniň biri bolan «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň zähmet toparlary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir gününi ýokary üstünliklere besleýärler.
Müdirligiň düzümine degişli kärhanalaryň hünärmenleri döwrüň talaplaryndan ugur alyp, gaz bilen üpjünçiligiň hilini ýokarlandyrmakda we esasy gaz geçirijilerden çet-gyraklardaky ilatly ýerleri gazlaşdyrmakda, oba ýerlerinde ygtybarly gaz ulgamyny döretmekde hem-de kadaly ulanyşy ýola goýmakda, şonuň ýaly-da ykdysady taýdan bähbitli, tygşytly we ekologiýa babatda arassa tehnologiýalary işe girizmekde, «mawy ýangyjyň» peýdalanylyşynyň netijeliligini gowulandyrmakda tutanýerli zähmet çekýärler.
Müdirligimiziň gazçylary tarapyndan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen hasabat döwründe Balkan welaýatynyň çäginde umumy uzynlygy 32 müň 171 metr gaz geçirijiler gurnalyp, 28 million 308 müň manatlykdan gowrak maýa goýum serişdeleri özleşdirildi. Milli maksatnamanyň çäklerinde şanly ýylymyzyň birinji çärýeginde 7 müň 250 metr gaz geçirijileri gurnamak işleri göz öňünde tutulyp, bu işleriň çäklerinde 14 müň 113 metr gaz geçiriji gurnalyp, meýilnama 195 göterim berjaý edildi. Bu döwürde 1 million 95 müň manatlykdan gowrak maýa goýumlary özleşdirilipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda önümçiligiň ösüş depgininiň 147 göterime ýokarlandyrylandygyndan habar berýär.
Häzirki wagtda welaýatymyzyň ilatynyň ählisi diýen ýaly öz nurana ojaklarynda tebigy gazdan peýdalanýarlar. Müdirligimiziň agzybir zähmet toparlarynyň irginsiz tagallasy bilen welaýatyň Gyzylarbat etrabynyň Arkaç geňeşliginiň çäginde täze gurlan Rowaç obasyny hem-de Bereket etrabynyň Gulmaç geňeşligine degişli täze, döwrebap Galkynyş şäherçesini gazlaşdyrmak işleri üstünlikli tamamlandy. Häzirki wagtda bu täze ilatly ýerleriň bagtyýar ýaşaýjylary «mawy ýangyjyň» hözirini görýärler.
Halal zähmet çekmäge döredýän taýsyz mümkinçilikleri üçin müdirligimiziň gazçylary Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň dabaraly belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny mynasyp zähmet üstünliklerine beslemek üçin şu günler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







