Nebite we gaza gitdigiçe ösýän talap, şeýle hem Günorta-Günbatar Türkmenistanyň nebitgazly känleriniň köpüsiniň agtarylyşynyň ýokary derejesi geologlara we geofiziklere täze, pes derejede barlanylan territoriýalarda gözlege başlamaga itergi berýär. Günbatar Türkmenistanda şeýle geljegi uly nebitgazly ýerler — Demirgazyk Garabogazýaka, Kelkör bükülmesi, Aladag-Missirýan göterilmeler zolagy we Günbatar Köpetdag bolup durýar.
Kelkör bükülmesi uzynlygyna 100 km we inine 25 km bolan ölçeglere eýedir. Bükülmäniň çökündi örtüginiň kesimleri dört sany nebitgazlylygy mümkin bolan mezozoý, miosen, orta pliosen (gyzylreňkli gatlaklyk) we ýokarky pliosen (apşeron-akçagyl) gatlaklara bölündi. Nebit we gaz ýataklaryny gözlemek üçin gyzylreňkli we apşeron çökündi gatlaklygy has uly gyzyklanma döredýär. Kelkör bükülmesiniň (deňiz+gury ýer) günbatar böleginde geljegi uly bolan strukturalaryň hataryna Akdeňiz, Tartadeňiz, Tekejik we beýlekiler degişlidir.
Aladag-Missirýan göterilmeler zolagynda 20-ä golaý gurluşlar ýüze çykaryldy, sebitleýin gaznebitli hökmünde mezozoý çökündileri bolup durýar. Geljegi uly bolan Süýji, Zirik, Yzzatguly, Günbatar Aladag we beýleki gurluşlar gaz känleri bolup bilerler. Günbatar Köpetdag, Eýşem we Kalaus gurluşlarynda gözleg-agtaryş işlerini geçirmeklik uly gyzyklanma döredýär. Bu ýerde ölçegleri 30x7 km, beýikligi 2 km bolan Hasardag antiklinal duzagy ýerleşendir. Epin uglewodorodlaryň ähtimal migrasiýa ýolunda iňňän amatly ýagdaýy eýeleýär. Ol jynslaryň neokom-ýokary ýura toplumynda gaz we nebiti toplap biler we gözleg burawlaýyş üçin ilkinji nobatdaky gurluş bolup durýar. Günbatar Köpetdagda geologik surata düşüriş we seýsmiki agtaryş arkaly 10-dan gowrak epinler ýüze çykaryldy. Bu ýerde Ö.A.Ödekow, Ý.N.Godin, D.Şteklin, G.I.Amurskiý, P.I.Kalugin we beýleki alymlar barlaglary geçirdiler.
Şeýlelikde, nebitiň we gazyň çykarylyşynyň derejesini durnuklaşdyrmak we ýokary galdyrmak diňe bir Balkanýaka, Gögerendag-Ekerem göterilmeler zolaklarynda, Gyzylgum bükülmesinde plioseniň çuň aşakda ýatan ýataklarynyň täzeden açylmagynyň hasabyna däl-de, eýsem, Günorta-Günbatar Türkmenistana ýanaşýan täze nebitgazly ýerlerde serişdeleri gözlemegiň çygryny giňeltmegiň hasabyna hem mümkin bolar.
Baýramgül HAJYÝEWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň laboratoriýa müdiri.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti