«Türkmengeofizika» müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki gözlegler boýunça önümçilik tehnologik gullugynyň hünärmenleri Arkadagly Serdarymyzyň döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamyny ösdürmek, uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak ugrunda yzygiderli berýän kömek-goldawlary arkaly «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň edara-kärhanalaryna degişli gözleg hem ulanyş guýularynyň üç ýüz ýigrimi bäşden köpräginde geofiziki barlaglary we beýleki işleri geçirip, täze — 2023-nji ýyla şowly badalga aldylar.
Uly ösüşlere, özgerişlere beslenen 2022-nji ýylda edara kämil tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen «KAMAZ» kysymly awtoulaglarynyň täze tapgyrynyň gelip gowuşmagy, guýularda geofiziki gözegçilik işlerini geçirmekde ulanylýan döwrebap serişdeleriň, enjamlaryň tapgyrlaýyn getirilmegi işleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berdi.
Mary meýdançasynda häzir toplumlaýyn geofiziki partiýalaryň sekizisi bolup, olaryň üçüsi burawlaýyş işleri alnyp barylýan nebitgaz guýularynda geofiziki gözegçilik we barlag işlerini alyp barýar. Olar burawlaýjylar tarapyndan gazuw işleri geçirilýän guýynyň çuňlugyny, giňligini, ýeriň gatlaklaryny, buraw turbalarynyň abatlygyny, guýynyň turbalarynyň sement ergini bilen berkidişiniň hilini kesgitlemek we beýleki işleri geçirýärler.
Önümçilik tehnologik gullugynyň baý iş tejribeleri bolan halypa hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, guýularda burawlaýyş işleri alnyp barylýan wagtynda turbalaryň gatlak tarapyndan gapjadylmagy kähalatda ýüze çykýan ýagdaýlaryň biri. Şeýle halatda geofizikler tarapyndan takyk enjamlar arkaly, ilki bilen, turbanyň gapjadylan çuňlugy kesgitlenilýär. Soňra bolsa geofiziki usullaryň kömegi bilen sarsgyn bermek arkaly turba gapjamadan boşadylýar. Şol tehnologik işler ýerine ýetirilenden soň turba arassalanylyp, päsgelçilik aradan aýrylýar.
Müdirligiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki gözlegler boýunça önümçilik tehnologik gullugynyň düzüminde toplumlaýyn geofiziki partiýalardan başga-da geologiýa tehnologik barlaglar toparlarynyň hem sekizisi bar. Bu toparlar gazuw işleri alnyp barylýan guýularda kämil tehnologiýaly stansiýalar, enjamlar arkaly burawlaýyş işleriniň tehnologiýasyna we geologiýasyna gije-gündiziň dowamynda gözegçilik edýärler. Olar häzir «Galkynyş» gaz känindäki ulanyş guýularynda, Günorta Mary meýdançasynyň 1-nji guýusynda we beýleki guýularda burawlaýyş işleriniň geologiýasyna we tehnologiýasyna gözegçilik edýärler.
— Täze - 2023-nji ýyla şowly badalga alan kärhanamyzyň hünärmenleridir işçileri häzir «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň edara-kärhanalarynyň buýurmalary esasynda Mary welaýatynyň çägindäki Şerepli, Kelleli, Ýylan gaz känlerinde burawlaýyş işleri alnyp barylýan guýularda, Balkan welaýatynyň çägindäki Uzynada meýdançasynda gazylýan guýularda we beýleki welaýatlaryň çäklerindäki meýdançalarda geofiziki gözegçilik we barlag işlerini ýokary depgin bilen alyp barýarlar.
Kärhanamyzda geofiziki gözegçilik hem barlag işleriniň döwrüň talaplaryna laýyk guralyp, önümçiligimiziň barha öňe gitmegine köpýyllyk iş tejribeleri bolan halypa hünärmenlerimiz, işçilerimiz mynasyp goşant goşýarlar. Olardan burawlamanyň dowamynda guýulary derňemek boýunça geologiýa-tehnologiýa toparynyň başlygy Serdar Kakageldiýew, ýigrimi ýedinji hem-de ýigrimi sekizinji partiýalarynyň başlyklary Nurgeldi Atadurdyýew, Merdan Şallyýew, birinji derejeli geolog Setdar Söýünow, enjam ussahanasynyň kompýuterler boýunça inženeri Döwran Amanow we beýlekiler işde hemmelere görelde bolup, ýaşlara-da halypalyk goldawyny berip durýarlar — diýip, önümçilik-tehnologik gullugyň başlygy Nurgeldi Ataýew gürrüň berdi.