Jemgyýetçilik önümçiligini ösdürmegiň, zähmet öndürijiligini artdyrmagyň, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda işiň hilini hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasynda halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak döwletiň baş wezipesi hökmünde kesgitlenilýär. Bu wezipäniň üstünlikli çözülmegi nebit we gaz düzüm bölegi bolup durýan ýangyç-energetika toplumynyň ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle bolansoň, ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy” bu toplumy ösdürmegiň, kämilleşdirmegiň özeni bolup durýar.
“Türkmennebit” döwlet konserni ýurdumyzda iri önümçilik-hojalyk toplumy bolmak bilen, tutuş Türkmenistan boýunça iş alyp barýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Döwlet konserni tarapyndan amala aşyrylýan geologiýa-gözleg işleriniň netijesinde geljegi uly bolan ýataklar özleşdirildi. Täze nebitgaz guýulary gazylyp, önümçilige girizildi.
Geçen ýyllaryň dowamynda “Türkmennebit” döwlet konsernine önümçili maksatly täze tehnikalaryň, enjamlaryň onlarçasy gelip gowuşdy. Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda öndürlen ýörite tehnikalar, buraw desgalary, guýulary düýpli we ýerasty abatlamak boýunça desgalar, buraw enjamlarynyň toplumlary, guýularyň içinde oturdylýan enjamlar muňa mysal bolup biler. Mundan başga-da, nebitgaz toplumyna çekilen daşary ýurt kompaniýalary, firmalary bilen hyzmatdaşlyk ösdürildi. Önümçilik işi alnyp barylýan ýerlerde nebitgaz çykarýan desgalar, gaz gysyjy beketler, nebit ýygnalýan nokatlar, daýandyryjy nasos stansiýalary guruldy. Guýularyň ençemesi nebit çykarmagyň häzirki zaman usullaryna geçirildi.
Döwlet konserni tarapyndan amala aşyrylýan geologiýa-gözleg işleriniň netijesinde geljegi uly bolan ýataklaryň birnäçesi özleşdirildi. Gykarylýan nebitdir gazyň mukdaryny artdyrmak maksady bilen, Balkanýaka hem-de Gögerendag – Ekerem zolaklarynda, şeýle-de, Gyzylgumda täze gatlaklary, ýataklary açmak, Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýalpaklygynda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek, täze Hazarýaka sebitindäki meýdançalarda gözleg-barlag gazuw işlerini güýçli depginde alyp barmak we özleşdirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň günbatarynda nebitgaz çykaryjy senagaty has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri, esasan, Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerini, şeýle hem, olaryň has çuňlukdaky ýataklaryny özleşdirmek bilen baglanyşyklydyr. Biziň alymlarymyzyň ýurdumyzyň hazyna baý topragynda entek açylmadyk nebitgaz ýataklarynyň bardygy hakdaky çaklamasyny Hazaryň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Demirgazyk Goturdepe ýatagy aýdyň tassyklady.
Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygynda tebigy gazyň senagat taýdan çykarylyp başlanmagy Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Bu strategiýa güneşli ülkämiziň ägirt uly nebitgaz serişdelerini doly möçberde ulanmaga gönükdirilendir. 2011-nji ýylda Gyýanly şäherçesiniň golaýynda gazy gaýtadan işleýän zawod we ýerçsti terminal ulanmaga berlen bolsa, sanlyja ýyldan soňra sebitde iri polimer zawody işe girizildi.
2010-njy ýylda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň Hazar ýalpaklygynda ýerleşen bölegi özleşdirilip başlandy. Şol ýylyň özünde suwuň derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli synag işi togtadylan 29-njy guýynyň üstünlikli dikeldilmegi netijesinde 4000 metr çuňlukdaky täze gatlak özleşdirilip, nebitiň güýçli akymy alyndy. Şol guýynyň yzysüre deňiz ýalpaklygynda guýularyň birnäçesi burawlanyp, köp mukdarda önüm çykaryldy.
Demirgazyl Goturdepe ýatagynda türkmen nebitçileriniň öz güýçleri bilen kese we ýapgyt sütünli, ýokary önümli guýulary üstünlikli gazyp, ulanylyşa girizendikleri bellenilmäge mynasypdyr.
Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada meýdançasynda ilkinji geologiýa gözleg-barlag guýusy 1972-nji ýylda 4213 metr çuňluga gazylypdy we şol çuňlukda geçirilen geologiýa-geofiziki barlaglaryň netijesinde uglewodorod doýgunly gatlaklaryň ýüze çykarylmandygy sebäpli şol guy petiklenipdi. 2015-nji ýylda şol ýerde Körpeje burawlaýyş işleri müdirligi tarapyndan taslama çuňlugy 7150 metr bolan 7-nji belgili gözleg-barlag guýusy burawlanyp başlandy. Iş 2017-nji ýylda üstünlikli tamamlandy. Ol Merkezi Aziýada gazylan iň çuň guy bolup, 6689-6695 metr aralykdan bir gije-gündiziň dowamynda kuwwatlylygy 115 müň kub metr gaz bilen 134 tonna konsensat bolan akym alyndy. Soňra 1-nji we 17-nji belgili guýularda geçirilen gazuw işleri-de garaşylan netijäni berdi.
“Türkmennebit” döwlet konserniniň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda “Nebitgazylmytaslama” institutynyň hyzmaty örän uludyr. Ýurdumyzyň baýry ylym ojagynyň hünärmeleri tarapyndan taýýarlanylýan we hödürlenilýän teklipler önümçilige yzygiderli ornaşdyrylýar. IInstitutyň burawlamagyň tehnologiýasy laboratoriýasynyň umumy işde mynasyp paýy bar. Geçen ýyllaryň dowamynda laboratoriýa tarapyndan taýýarlanylan ylmy-barlag işleriniň ençemesi önümçilige ornaşdyrylyp, oňat netijeler gazanyldy. Laboratoriýanyň alyp barýan ylmy barlaglarynyň maksady guýulary gazmagyň tehnologiýasyny kämilleşdirmekden, gazuw işleriniň howpsuz alnyp barylmagyny gazanmakdan, sütün düzüminiň gurluşyny mümkin boldugyça ýeňilleşdirmekden, guýyny gazmagyň möhletini we özüne düşýän gymmatyny azaltmakdan, şeýle-de, guýular gazylanda ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlaryň, döremegi mümkin bolan tehniki, tehnologiki bozulmalardyr heläkçilikleriň öňüni almakdan ybaratdyr.
Laboratoriýa tarapyndan hödürlenen teklipleriň esasynda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan “KSG” kysymly guýulary sementleýji toplum, ýokary öndürijilikli dürli görnüşdäki almaz dolotalar, düýp herekete getiriji burawlar, perleri süýşýän sütüni giňeldijiler, çuň we has çuň guýulary gazmak üçin niýetlenen, ýokary herekete getirijiler bilen enjamlaşdyrylan “ZJ-70 DS”, “ZJ-70 DW” kysymly burawlaýjy desgalar önümçilige ornaşdyryldy. Şeýle hem, guýulary uglewodorod esasly buraw erginleri bilen gazmak hem-de erginleriň parametrlerini talabalaýyk saklamak özleşdirildi.
“Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit we gaz çykarylýan önümçilik ýerleriniň agramly bölegi uzak ýyllardan bäri ulanylyp gelinýän baýry ýataklardyr. Nebitdag, Çeleken, Goturdepe, Barsagelmez, Gumdag, Guýjuk< Ekerem, Gamyşlyja ýataklary baryp-ha geçen asyryň otuzynjy ýyllaryndan başlap, güneşli ülkämiziň nebitgaz senagatynyň taryhynda aýratyn orun eýeläp gelýärler. Başgaça aýdylanda, nebitgaz senagatyny şolarsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däldir.Baýry ýataklaryň önüm berijiligini durnukly ýagdaýda saklamak üçin “Nebitgazylmytaslama” institutynyň alymlardyr hünärmenleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalary bilen golaý gatnaşyk saklaýarlar. Nebitiň çykarylyşyny durnukly ýagdaýda saklamak üçin onuň ulanylýan gatlagyny abatlamak, gatlaga termogazhimiki täsir etmek, guýularyň ulanyş sütünini parafinden arassalamak, cage çekiji guýularda düýpýaka zolagy berkitmek hem-de cage dykynlaryny ýuwmak işleri ýerine ýetirilýär.
Suw ýygnanýan guýularda gatlak suwuny çäklendirmek maksady bilen, institutyň oýlap tapyşlary esasynda taýýarlanylan gel we çökündi emele getiriji himiki düzümler peýdalanylyp, dürli abatlaýyş işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şonuň netijesinde-de, guýularda gatlak suwlarynyň akymy çäklendirilip, nebitiň artyk çykarylmagy gazanylýar.
Gazlift usulynda işleýän guýularda bolsa institutyň oýlap tapan “KGU-25” gazlift klapanlary giňden ulanylýar. Olar bu usuldaky guýularyň uzak wagtlap işlemegine ýardam edýär.
Halkymyzda “Arkalaşan dag aşar” diýen pähim bar, “Nebitgazylmytaslama” institutynyň “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalary bilen ysnyşykly işlemeginiň iki tarap üçin hem bähbitlidigi, elbetde, öz-özünden düşnüklidir.
Nebitgaz senagatynyň umumy ösüşinde guýulary düýpli abatlaýjylaryňam mynasyp paýy bard. Hereketsiz duran guýularyň ulanylyşa girizilmegi goşmaça birnäçe tonna nebitiň çykarylmagyna ýardam edýär. Bu örän hysyrdyly, çylşyrymly iş guýulary düýpli abatlaýjylar tarapyndan amala aşyrylýar. Abatlaýjylar gatlagy abatlamak, guýynyň düýbüni berkitmek, ýokary we aşaky gatlaklara dolanyp barmak, ulanyş sütünlerindäki näsazlyklary düzetmek we suwly gatlaklaryň öňüni baglamak ýaly işleri bitirýärler. Birnäçe müdirlikden ybarat toparlaryň bir bölegi düýpli abatlaýyş işlerini alyp barsa, beýleki topar ikinji sütüni gazmak, ýagny ulanyş sütüninden “penjire açyp”, gapdala çykmak işini amala aşyrýar, üçünji topar bolsa maýyşgak “NKT” turbasy arkaly guýularda abatlaýyş-ýuwuş işlerini gçirýär.
“Gara altynyň” çykarylyşynda täze tehnikalaryň we tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy güýülary düýpli abatlamak boýunça işleriň häsiýetini üýtgetdi. Abatlaýyş toparlary ýokary öndürijilikli göteriji desgalar bolan “HJ-250” we “HJ-450” bilen üpjün edildi. Bularyň birinjisi ýeňil bolup, islendik ýere aralaşyp bilýär. Onuň göterijiligi 40 tonna bolsa, has kuwwatly ikinji desganyň göterijiligi 80 tonnadyr.
Maýyşgak nasos-kompressor turbaly gurnamalar abatlaýyş işleriniň dowamlylygyny azaldýandygy bilen ähmiýetlidir. Sebäbi olar bilen abatlaýyş işleri geçirilýän mahalynda guýynyň içindäki nasos-kompressor turbalaryň goýberme-galdyrma işleri geçirilmeýär, ýagny olar şol turbalaryň içinden goýberilýär. Maýyşgak nasos-kompressor turbalar bilen, esasan, guýynyň düýbündäki cage dykynlaryny ýuwmak, guýynyň nasos-kompressor turbalarynyň diwaryndaky paraffin çökündilerini eredip arassalamak, guýynyň düýpýaka zolagyna täsir etmek üçin kislota erginini goýbermek, guýynyň ulanyş sütüninde sement köprini gurmak ýaly işler ýerine ýetirilýär.
Hawa, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda nebitgaz pudagynda-da düýli özgertmeler bolup geçdi. Türkmenistan häzirki wagtda öňdebaryjy ylma, kämil we kuwwatly tehnika, köpçülikleýin zähmetiň döredijilikli güýjüne daýanýan yurt hökmünde bellidir. Türkmennebit” döwlet konserniniň düzümindäki kärhanalar ýurdumyzyň ykdysady binýadynyň has-da berk bolmagy üçin umumy işe saldamly goşant goşup, öndürijilikli zähmetiň nusgasyny görkezýärler.
Amanmyrat KIÇIGULOW,
“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň “Burnebitgazhyzmat” müdirliginiň hünärmeni.